Serhetabat etrabynda Galaýmor howa menzili gurular

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 20.01.2019 16:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#310)
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer Mämmethan Çakyýew döwlet Baştutanyna Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Galaýmor howa menzilinde ýolagçy terminalynyň hem-de zerur desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanyna şekiller arkaly täze howa menziliniň hem-de düzümleýin desgalaryň ýerleşýän ýeri görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow raýat awiasiýasynyň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrýandygyny hem-de halkara logistika giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyny nygtady.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýolagçylara hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürleýän döwrebap howa menzilleriniň hem-de uçuş-gonuş zolaklarynyň gurulmagynyň howa ulagy ulgamynyň ösen düzümini döretmek, ygtybarlylyk maksady bilen ony iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça umumy strategiýanyň bir bölegidigini nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýerden howa menzilleri gurlanda işleri guramaga, utgaşdyrmaga, alyp barmaga hem-de ýokary hilli üpjün etmäge degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

ÇEŞME: Türkmen Portal
...