AFK 2019 çempiýonatynyň 1/8 tapgyrynda alynan netijeler

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 22.01.2019 21:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#311)
20-22 Ýanwar 2019-da Aziýa kubogy 2019-yň 1/8 final tapgyry:

Iordaniýa 1 - 1 Wýetnam [GOL: Iordaniýa: Baha Abdel Rahman (39 min.) ― Wýetnam: Nguýen Cong Phuong (51 min.)]
Iordaniýanyň we Wýetnamyň ýygyndylary Dubaý şäherindäki Al-Maktum stadiýonynda 14205 tomaşaçynyň öňünde duşuşdylar. Esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda ýeňijini kesgitlemäge ýarym sagatlyk goşmaça wagt hem ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgularyna galdy. Jerime urgularynda Iordaniýa adyna Faisal we Samir, Wýetnam adyna bolsa Tran Minh Wuong dürs ýerine ýetirip bilmediler we 2:4 hasabynda ýeňiş Wýetnam, garaşylmadyk ýagdaýda, ýaryşyň çärýek finalyna çykdy.

Taýland 1 - 2 Hytaý [GOL: Taýland: Supaçai (31 min.) ― Hytaý: Hiao Ži (67 min.), Gao Lin (71 min.)]
Taýland we Hytaý Al-Aýn şäherindäki Hazza Bin Zayed stadiýonynda 8026 tomaşaçynyň öňünde duşuşdylar. Bu duşuşyk toparçalaýyn tapgyrdaky Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygyna çalym etdi diýsek ýalňyşmarys. Birinji ýarymy öňde tamamlan tailandly futbolçylar derwezesine ikinji ýarymda geçiren iki pökgi bilen ýeňildiler. Has takygy, 31-nji minutda Supaçainiň Hytaýyň milli ýygyndysynyň derwezesine geçiren pökgüsi bilen tailandly futbolçylar çärýek finala bir ädim ýakynlaşdylar. Ýöne bu üstünlik 67-nji minuda çenli saklandy. Şol minutda hytaýly futbolçylar Hiao Žiniň goly bilen hasaby deňlediler. Şondan 4 minut soňra ýerli emin Mohammed Abdulla hasan Mohamed Taýlandyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Urgyny dürs ýerine ýetiren Gao Lin Hytaýyň milli ýygyndysyna arzyly ýeňşi getirdi.

Eýran 2 - 0 Oman [GOL: Eýran: Alireza Jahanbahş (32 min.), Aşkan Dejagah (41 min.)]
Eýran we Oman Abu-Dabi şäheriniň Mohammed bin Zaýed stadionyna 32 müňe ýakyn (31945) janköýer ýygnandy. Bu duşuşyk iň köp janköýerleriň ýygnan duşuşyklardan biri boldy. Her ýarymynda bir pökgi geçirilen duşuşygyň birinji ýarymynda Jahanbahş (32 minut) tapawutlandy. 41-nji minutda Dejagahyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy duşuşygyň netijesini hem kesgitledi.

Ýaponiýa 1 - 0 Saud Arabystan [GOL: Ýaponiýa: Takehiro Tomiýasu (20 min.)]
Şarja şäheriniň adybir stadionynda 7 müňe golaý (6832) tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Ýaponiýanyň hem-de Saud Arabystanynyň ýygyndylary çärýek finala çykmak üçin göreşdiler. Duşuşykda toparçalaýyn tapgyrdaky garşydaşymyz ― ýapon futbolçylary ýeke-täk pökgi bilen üstün çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar. Ýeňiş pökgüsini duşuşygyň 20-nji minudynda Takehiro Tomiasu geçirdi. Şeýlelikde, ýaryşda galan ýeke-täk topardaşymyz çärýek finalda Wýetnamyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Awustraliýa 0 - 0 Özbegistan [JERIME URGYLARY bilen 4-2 Awustraliýa ýeňiji boldy]
Al-Aýn şäherindäki Halifa bin Zaýed stadionynda Awstraliýanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylary Aziýa kubogy 2019-yň 1/8 final tapgyrynda 6809 tomaşaçynyň öňünde duşuşdylar. Esasy wagty hem, goşmaça ýarym sagatlyk wagt hem 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň netijesi 11 metrlik jerime urgulary esasynda kesgitlenildi. Jemleýji urgularda ýaryşyň «F» toparçasynda milli ýygyndymyz bilen ýaryşan özbek futbolçylary iki urgyny dürs geçirip bilmän (Şukurow we Bikmaýew), duşuşykda ýeňildiler we Aziýa kubogy 2019-daky duşuşyklaryny tamamladylar. Geçen çempion Awstraliýanyň ýyygndysy bolsa jerime urgularynyň birinden (Beýiç) galanyny dürs ýerine ýetirdi. Şeýlelikde, Aziýa kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň çykyş eden «F» toparçasyndan indi diňe Ýaponiýanyň ýygyndysy ýaryşy dowam etdirýär. Çärýek finalda Awstraliýa ýer eýeleri ― BAE-niň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

BAE 3 - 2 Gyrgyzystan [GOL: BAE: Khamis Esmaeel (14 min.), Ali Mabkhout (64 min.), Ahmed Khalil (103 min.) ― Gyrgyzystan: Mirlan Murzaew (26 min.), Tursunali Rustamow (90+1 min.)]
BAE-niň we Gyrgyz Respublikasynyň milli ýygyndylary 1/8 final duşuşygyny Abu-Dabi şäherindäki Zaýed Sports City stadiýonynda 17784 tomaşaçynyň öňünde geçirdiler. Ýer eýelerinden Hamis Esmailiň duşuşygyň 14-nji minudynda geçiren pökgüsine gyrgyz futbolçylary 26-njy minutda Mirlan Murzaýewiň goly bilen jogap berdiler. Birinji ýarymy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ikinji ýarymynda hasaby ýene-de ýer eýeleri ― BAE-niň futbolçylary artdyrdy. Bu gezek 64-nji minutda Ali Mabhut tapawutlandy. Hemmeleriň BAE-niň milli ýygyndysynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşine garaşýan pursatlarynda, yklym ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, gyrgyz futbolçylary aňsat-aňsat oýny elden bermejekdigini ýene bir ýola görkezdiler. Goşmaça wagtyň ilkinji minudynda Tursunali Rustamow gyrgyz ýygyndysynyň peýdasyna hasaby deňledi. Şeýlelikde, duşuşygyň ykbaly ýarym sagatlyk goşmaça wagta galdy. Goşmaça wagtyň birinji ýarymynyň tamamlanmagyna 2 minut galanda eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Ahmed Halil duşuşykda jemleýji sözi sözledi. Milli ýygyndylaryň duşuşygyň galan dowamyndaky hüjümleriniň hiç biri hem netije bermedi, şeýlelikde 3:2 hasabynda ýeňiş gazanan ýer eýeleri ― BAE-niň milli ýygyndysy ýaryşyň çärýek finalyna çykdy.

Gündogar Koreýa 2 - 1 Bahreýn [GOL: G.Koreýa: Hwang Hee-chan (43 min.), Kim Jin-su (105+2 min.) ― Bahreýn: Mohamed Al Romaihi (77 min.)]
Dubaý şäheriniň Rashid stadiýonynda Gündogar Koreýa we Bahreýn duşuşdylar. Duşuşygyň 43-nji minudynda Gündogar Koreýa adyna Hwang Hee-chan Bahreýn derwezesine gol geçirdi we hasaby açdy. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň 72-nji minudynda Bahreýn adyna Mohamed Al Romaihi hasaby deňledi we duşuşygyň esasy wagty 1-1 hasap bilen tamamlandy. Goçmaça oýnanan 15-minutlyk iki ýarym wagtynda bolsa, Gündogar Koreýanyň futbolçysy Kim Jin-su 107-nji minudynda Lee Yong-yň asisti bilen Bahreýn derwezesine pökgini geçirmegi başardy. Duşuşyk 2-1 hasap bilen Gündogar Koreýanyň üstünligi bilen tamamlandy.

Katar 1 - 0 Yrak [GOL: Katar: Bassam Al Rawi (62 min.)]
Abu-Dabi şäheriniň Al Nahyan stadiýonynda Katar we Yrak duşuşdylar. Duşuşygyň 62-nji minudynda Katar adyna Bassam Al Rawi Yrak derwezesine gol geçirdi we hasaby 1-0 getirdi. Duşuşygyň galan wagtynda gol sesi çykmansoň duşuşyk 1-0 hasap bilen Kataryň üstünligi bilen tamamlandy.

Şeýlelik bilen, Wýetnam, Hytaý, Eýran, Ýaponiýa, Awustraliýa, BAE, Gündogar Koreýa we Katar AFK 2019 çempiýonatynyň 1/4 tapgyrynda çykyş etmäne hak gazandy.
...