Türkmenistan ýokary bilimli uçurymlary işe ýollaýar

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Ylym Bilim | 23.01.2019 19:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#314)
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 23-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Pürli Agamyradow döwlet Baştutanyna orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamak baradaky Düzgünnamany taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şol bir wagtda göni wideoaragatnaşyga bilim ministri Mämmetmyrat Geldinyýazow hem çagyryldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler netijesinde hususy pudak öz ösüşine eýe bolup, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde kiçi we orta kärhanalaryň sany artýar, jemi içerki önümde hem onuň paýy ýokarlanýar. Degişlilikde, hususy kärhanalarda orta we ýokary hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyk hem artýar.

Şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär, ýokary we orta hünärment okuw mekdepleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şunuň bilen baglylykda, şolaryň uçurymlaryny işe ýollamak hakynda Düzgünnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy ýüze çykdy. Bu ugurda daşary ýurtlaryň tejribesi öwrenildi. Hususan-da, orta hünär we ýokary hünär bilimini alan uçurymlar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara, guramalara iki ýyllyk işe ýollanylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny, şol sanda onuň döwlete dahylsyz bölegini işgärler bilen üpjün etmegiň wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere hem-de bilim ministrine geljegi nazara almak bilen, zähmet bazarynyň talaplary bilen baglylykda, uçurymlary işe ýollamak hakynda taýýarlanylan Düzgünnamanyň ähli bölümlerini ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.

ÇEŞME: Türkmen Portal
...