Kazylary wezipä bellemek-boşatmak baradaky karar

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 26.01.2019 20:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#315)
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, Rahman Joragulyýewiç Hojiýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämedow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
Gülröwşen Hemraýewna Annaýewa Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Gurbanmyrat Meretgeldiýewiç Hudaýberdiýew Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;
Rozymyrat Durdyweliýewiç Hudaýberdiýew Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
Wepa Muhammetmyradowiç Meredow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellebildi we oňa 5-nji hünär derejesi berildi;
Şöhrat Dädebaýewiç Weljikow Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa 5-nji hünär derejesini berildi;
Azamat Beşimowiç Çaryýew Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa 5-nji hünär derejesini berildi;
Jumageldi Baýramow ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Jumamyrat Kakageldiýewiç Nazarow ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Durdymuhammet Taňyrberdyýewiç Akjaýew ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
Rejepdurdy Çaryýewiç Hudaýberenow ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Sülgün Amanowna Annadurdyýewa ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
...