5 Fewral 2019: AFK-nyň Çempiýonlar ligasyna badalga berilýär

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 05.02.2019 10:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#317)
5-nji fewralda AFK-nyň Çempiýonlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçiriler. Ilkinji duşuşyklar şu tertipde bolar:
«Al-Wihdat» (Iordaniýa) ― «Kuwaýt SK» (Kuweýt)
«Seres Negros» (Filippin) ― «Ýangon Ýunaýted» (Mýanma)
«Houm Ýunaýted» (Singapur) ― «Persiýa Jakarta» (Indoneziýa).
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2019-yň toparçalaýyn tapgyryna 32 topar gatnaşar. AFK-nyň milli ýygyndylar boýunça reýtingine görä, Merkezi Aziýadan Özbegistanyň we Eýranyň toparlaryny yklymyň birinji derejeli ýaryşynda görüp bileris. Saýlama tapgyra Täjigistanyň çempiony «Istiklol» hem gatanaşar.
Ýakynda Özbegistanyň çempiony Lokomotiwiň hataryna çagyrylan milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow karýerasynda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynda yklymyň iň güýçli futbolçylary bilen ýaryşmaga mümkinçilik alar. Şeýle hem häzir Duşenbäniň Istiklolynda gözden geçirilýän hüjümçimiz Süleýman Muhadow topara goşulyp bilse, saýlama tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. «Istiklol» saýlama tapgyryň ilkinji duşuşygyny 12-nji fewralda Özbegistanyň kubogynyň eýesi AGMK bilen geçirer.
Geçen ýyl AFK-nyň kubogyna mynasyp bolan Yragyň «Eýr Fors» topary hem şol gün özbek futbolçylary bilen duşuşar. Ikinji derejeli yklym ýaryşynda ýurdumyzyň «Altyn asyry» bilen finala çykyp, arzyly Kubogy gazanan yrakly futbolçylaryň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji garşydaşy Özbegistanyň wise-çempiony «Pahtakor» bolar. Bu jübütleriň arasyndaky duşuşyk hem 12-nji fewralda geçiriler.
Geçen ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynyň baýrak gaznasy 4,2 million amerikan dollary bolan bolsa, bu ýyl onuň mukdary 8,4 million dollara çykaryldy. Ýagny 2 esse artdyryldy. Bu bolsa yklym ýaryşynyň gyzygyny has-da artdyrar.

ÇEŞME: Türkmen Portal
...