Arslanmyrat Amanow Özbegistanyň çempiýonyna goşuldy

0 ses
1 gezek okaldy
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 05.02.2019 19:19 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#318)
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany, 28-nji martda 29 ýaşyny doldurjak ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow şu gün resmi ýagdaýda Özbegsitanyň «Lokomotiw» futbol toparynyň düzmine goşuldy. Bu barada şu gün toparyň resmi saýtynda (www.lokomotiv.uz) hem habar berildi. Saýtdaky habaryň suratynda Arslanmyrat Amanowyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň lybasyndaky suratyna «Welcome, Arslan!» (Hoş geldiň, Arslan!) diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. Surat üçin salgy: https://i.hizliresim.com/LllOdj.jpg

Daşary ýurtlardaky 5-nji, Özbegistandaky 3-nji topar:
Türkmenistanyň futbol çempionatynda «Aşgabat», HTTU, «Altyn asyr» ýaly toparlarda futbol oýnan tejribeli ýarym goragçy Merkezi Aziýada hem giňden tanalýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri bolsa onuň Gazagystanyň we Özbegistanyň çempionatlarynyň öňdebaryjy toparlarynda çykyş edendigidir. 2012-nji ýylda Gazagystanyň «Okžetpes» toparynda futbol oýnan ildeşimiz 11 duşuşykda 866 minut meýdanda galdy. Arslanmyrat Amanow bu duşuşyklarda bir gezek tapawutlanmagy başardy.
Türkmenistanly ýarym goragçy 2014-nji ýylda Gazagystanyň başga bir güýçli topary «Yrtyşyň» düzümine goşuldy. Bu ýerde 24 oýun geçiren ildeşimiz jemi 1393 minut ýaşyl meýdanda başarnygyny görkezdi. Bu topar bilen hem ol bir gezek tapawutlanmagy başardy.
Özbegistana ilkinji ädimini ozalky «Almalykda» , häzirki AGMK-da äden futbolçy 2015 ― 2016-njy ýyllaryň möwsümlerini bu ýerde geçirdi. 54 oýna gatnaşan (2392 minut) ildeşimiz olarda 8 gezek tapawutlandy. Arslanmyrat geçen möwsümi ýene-de Özbegistanyň «Buhoro» futbol toparynda geçirdi we 29 duşuşykda 5 gezek tapawutlandy.

Täsin ukyp täze gapylary açdy:
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýa kubogy ― 2019-daky ilkinji duşuşygynda Ýaponiýanyň derwezesine ilkinji we juda owadan pökgini geçiren Arslanmyrat Amanow geçen möwsümiň ahyrynda «Buhorodan» aýryldy. Aziýa kubogynyň finalyna çykan ýygyndynyň derwezesine şu ýaryşda ilkinji, belki-de iň owadan pökgini geçiren futbolçy hökmünde taryha giren Arslanmyrat Amanowa bada-bat birnäçe topar isleg bildirdi. Oýunçynyň özi bu barada ýaryş dowam edýärkä, Özbegistanyň «Chempionat.asia» saýtyna beren interwýusynda hem aýtdy. Şonda ol özi bilen Özbegistandan hem birnäçe toparyň işleşmek isleýändigini aýdypdy. Şu gün, günüň birinji ýarymynda ýene-de «Chempionat.asia» saýty Arslanmyrat Amanowyň öz karýerasyny Özbegistanda dowam etdirip biljekdigi barada habary ýerleşdirdi. Ýöne habarda hiç bir topar barada anyk maglumat berilmedi. Şu habardan birnäçe sagat, belki-de birnäçe minut soňra «Lokomotiw» resmi saýtynda türkmenistanly ýarym goragçynyň topara goşulandygyny habar berdi.

Amanowyň täze topary barada maglumatlar:
Adyndan hem belli bolşy ýaly, «Lokomotiw» Özbegistan demir ýollary paýdarlar jemgyýetine degişli. 2002-nji ýylda döredilen topar duşuşyklaryny Daşkent şäherindäki «Lokomotiw» stadionynda (8 müň orunlyk) geçirýär. Toparyň baş tälimçisi Andreý Fýodorow.
2002-nji ýylda Özbegistanyň futbol çempionatynyň ikinji ligasynda çykyş edip başlan «Lokomotiw» bir ýyldan soňra birinji liga, 2004-nji ýylda bolsa Ýokary liga ― Oliý liga çykdy. Ýöne 2011-nji ýylda ýene bir gezek birinji liga düşen topar şol möwsümde çempion bolup, bir ýyl soňra ýene Ýokary liga dolandy. Ýurduň çempionatynyň soňky üç möwsümi «demirýolçylaryň» çempionlygy bilen tamamlandy. Topar Ýokary liganyň çempionlygyny 3, kümüş medalyny 3, bürünç medalyny bir gezek gazandy. Birinji ligada bolsa bir gezek çempion bolup, bir gezek hem kümüş medal eýeledi. Ýurduň Kubogyna 3 gezek mynasyp bolan topar, bir gezek Naýbaşy kubogy eýeledi.

2013-nji ýyldan bäri yzygiderli Aziýanyň Çempionlar lligasynda çykyş edip gelýän «Lokomotiw» 2016-njy ýylda çärýek finala çenli baryp ýetdi. Geçen ýyl bolsa topar ýaryşýan toparçasynda üçünji orny eýeledi. Geçen ýylky çempionlyk Lokomotiwe Aziýanyň Çempionlar ligasynda ýene-de toparçalara goşulmaga mümkinçilik berdi. Diýmek, Arslanmyrat Amanow bu möwsümde yklymyň birinji derejeli ýaryşynda futbol oýnap, dünýä ýyldyzlary bilen bäsleşmäge mümkinçilik alar.

ÇEŞME: Türkmen portal
...