FIFA-nyň reýtingi täzelendi: Türkmenistan 136-njy orunda

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 07.02.2019 14:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#319)
Şu gün 7-nji fewralda FIFA-nyň milli ýygyndylar boýunça reýtingi täzelendi. Ýanwar aýynda Aziýanyň kubogyna gatnaşyp, üç duşuşykda hem ýeňlen Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9 basgançak aşak gaçyp, 136-njy orna geldi.
Taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogyna mynasyp bolan Kataryň ýygyndysy 38 basgançak ýokary galdy we 55-nji orunda ýerleşdi. Ýaryşyň finalçysy Ýaponiýa bolsa geçen sanawdan 23 basgançak ýokary galyp, 27-nji orna geldi. Ozalky sanawlarda bolşy ýaly, ýene-de Eýranyň milli ýygyndysy Aziýa wekilçilik edýän ýygyndylaryň arasynda birinji orundadyr. Ýakynda baş tälimçi, portugaliýaly hünärmen Karluş Keýruşy wezipesinden boşadan goňşularymyz FIFA-nyň reýtinginde 22-nji orunda. Olar geçen sanawa görä, 7 basgançak ýokary çykdylar. Täze sanawda iň uly tapawut bilen aşak düşen ýygyndy hem Aziýa yklymyna degişli. Ozalky sanawa görä, 12 basgançak aşak düşen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň milli ýygyndysy Aziýa kubogyndan soňky şowsuz çykyşdan soň 121-nji orunda.
Sanawda öňdäki 20 orun ozalkysy ýaly galýar. Ilkinji 10-lugy bolsa Belgiýanyň, Fransiýanyň, Braziliýanyň, Horwatiýanyň, Angliýanyň, Portugaliýanyň, Urugwaýyň, Şweýsariýanyň, Ispaniýanyň we Daniýanyň ýygyndylary eýeleýär.

Fifa reyting tablisasy: https://www.fifa.com/fifa-world-ranking/ranking-table/men/

Çeşme: Türkmen Portal
...