Futzal Aziýa çempionaty 2020 Türkmenistanda geçiriler

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 18.02.2019 20:51 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#324)
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen konferensiýasynda janköýerleri begendirjek hoş habar buşlanyldy: FUTZAL BOÝUNÇA 2020-NJI ÝYLDAKY AZIÝA ÇEMPIONATY BIZIŇ ÝURDUMYZDA ― TÜRKMENISTANDA GEÇIRILER.
TFF-niň resmi saýtynda (www.tff.com.tm) ýazyly ýaly, federasiýanyň baş sekretary öz çykyşynda geçen möwsümde türkmen futbolunyň ýokary netijeleri gazanandygyny aýratyn belläp, bu ugurdaky işleriň ýokary depginde alnyp baryljakdygyny nygtady. Mundan başga-da, dünýäniň birnäçe döwletleriniň futbol federasiýalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda hem işleriň alnyp barylýandygy bellenilip geçildi. Baş sekretaryň  bellemegine görä, 2020-nji ýyldaky Aziýanyň futzal çempionaty ýurdumyzda geçiriler. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň futzal görnüşini ösdürmäge öz oňyn netijesini berer.
Munuň özi Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýeňişli ädimleriniň ýene-de biridir. «Wikipedia» erkin ensiklopediýasynda berilýän maglumatlara görä, Aziýa çempionaty ― 2020-ni geçirmäge biziň ýurdumyzdan başga-da Kuweýt, Iordaniýa, Ýaponiýa, Indoneziýa ýaly döwletler dalaşgär görkezildi. Türkmenistanyň şu döwletleriň arasyndan saýlanyp, Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň belent ynamyna eýe bolmagynyň aňrysynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmek tejribesi ýatandyr. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde Türkmenistanda ilkinji halkara futzal ýaryşy geçirildi. Ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesine beslenendigini şol günlerde dünýä metbugaty giňden ýazdy.
TFF tarapyndan Aziýa çempionatynyň haýsy senelerde geçiriljekdigi heniz aýdylanok, ýöne «Wikipedia» erkin ensiklopediýasynda ýaryşyň geçiriljek seneleri hökmünde 27-nji fewral ― 8-nji mart aralygy görkezilýär. Ýaryşlaryň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Köpugurly sport toplumynda geçirilmegine garaşylýar. Türkmenistanyň futbolzal ýygyndysy ýer eýesi hökmünde ýaryşyň final tapgyryna göni gatnaşmaga hukuk gazanar. Ýagny, milli ýygyndymyz saýlama tapgyryň duşuşyklaryny geçirmez.
TFF-niň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine daşary ýurtly hünärmeni çagyrmak barada hem karara gelindi. Bu wezipä kimiň getiriljekdigi ýakyn günlerde belli bolar. Aşgabatda geçirilen Aziada ― 2017-ä taýýarlygyň çäklerinde milli ýygyndymyza ýaponiýaly hünärmen Keoheý Nakamuranyň tälim berendigi okyjylarymyzyň ýadyndadyr.
Her iki ýyldan bir gezek geçirilýän futzal boýunça Aziýa çempionaty 2018-nji ýylda Hytaý Taýpeýinde geçirildi. Milli ýygyndymyz bu ýaryşyň saýlama tapgyrynda Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Nepalyň ýygyndylary bilen ýaryşyp, toparçada üçünji orny eýeledi. Topardaşlarymyzdan özbek futzalçylary Aziýa çempionaty ― 2018-de üçünji orny eýelediler. Türkmenistanly hünärmen Azat Hajypoladow ýaryşyň final bölegine emin bolup gatnaşdy.
Futzal boýunça Aziýa çempionaty, bize mälim bolan maglumatlara görä, 2020-nji ýylda ýurdumyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan ikinji halkara sport ýaryşydyr. Olaryň ilkinjisi Sambo boýunça dünýä çempionatydyr.

ÇEŞME: Türkmen Portal
...