AFK kubogy 2019. Alaýy ýeňen Ahal pleý-offa çykdy

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 27.02.2019 10:28 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#325)
Futboluň müňlerçe janköýeri geçen çarşenbe güni paýtagtymyz bilen adybir köpugurly stadionda ajaýyp futbol duşuşygyna tomaşa etdi. Indi üçünji gezek yklym ýaryşyna ― AFK-nyň kubogyna saýlama tapgyrdan gatnaşýan «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary ýene-de bir şowly ädimi ätdi. Gyrgyz Respublikasynyň wise-çempiony «Alaý» toparyndan 1:0 (iki duşuşygyň jemi boýunça 3:1) hasabynda üstün çykan türkmen futbolçylary ýaryşy pleý-off tapgyrynda, başgaça aýtsak, saýlama tapgyryň indiki ädiminde dowam etdirerler.
«Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzda geçirilen ilkinji halkara duşuşyga tomaşa etmek üçin köpugurly sport toplumynyň döwrebap stadionyna paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 10 ýarym müňüsi ýygnandy. Şunça ýürek «Ahaly» goldady. «Ahal» hem öz gezeginde janköýerleriň belent ynamyny ödäp, ýaryşyň indiki tapgyryna çykmagy başardy.
Iki duşuşygyň ykbaly hem 35 minutda kesgitlenildi
Aşgabatdaky duşuşygyň 35-nji minudynda «Ahalyň» tejribeli ýarym goragçysy Merdan Gurbanow hasaby açdy. Şol geçirilen pökgi hem tutuş duşuşygyň ykbalyny kesgitledi. Biziň esasy nygtajak bolýan zadymyz, iki duşuşyga hem mahsus bir täsin ýagdaýdyr. Ýadyňyzda bolsa, Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde geçirilen ilkinji duşuşykda hem ýeňiji ilkinji 35 minutda geçirilen üç pökgi bilen kesgitlenipdi. Birinji ýarymyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 10 minut galýança, «Ahal» iki, ýer eýeleri bir pökgi geçirip ýetişipdiler. Şondan soňky hüjümleriň biri hem netije bermedi.
Şeýle ýagdaý şu gezek hem gaýtalandy. Hususan-da, ikinji ýarymda biziň futbolçylarymyzdan Pirmyrat Sultanowa, Azady Annadurdyýewe, Guwanç Abylowa, myhmanlaryň hüjümçisi Joel Koja tapawutlanmaga, hasaby açmagy birnäçe mümkinçilik döredi. Derwezewandan geçip, derwezä girmän gaýdan pökgüler hem boldy. Hasap welin açylmady. Şeýlelikde, «Ahal» iki duşuşykda hem işi ilkinji 35 minutda çözdi.
20 duşuşykda 31 pökgi
Çarşenbe güni «Ahal» AFK-nyň kubogyndaky ýubileý ― 20-nji duşuşygyny geçirdi. Olaryň 8-si 2015-nji, 10-sy 2018-nji, galan 2-si bolsa şu ýyla degişlidir. Geçirilen duşuşyklarda garşydaş derwezelere 31 pökgi geçiren «Ahalyň» futbolçylary milli çempionatdaky esasy bäsdeşi «Altyn asyrdan» soňra ikinji orny eýeleýär. Yklym ýaryşyna ýene-de toparçalaýyn tapgyrdan başlamaga hukuk gazanan «Altyn asyryň» futbolçylary 24 duşuşykda 42 gezek tapawutlanypdylar.
Umumylykda, çarşenbe güni biziň futbol toparlarymyzyň AFK-nyň kubogyndaky 83-nji duşuşygyna şaýat bolduk. Türkmen futbolçylary yklym ýaryşyndaky 28-nji ýeňşini gazandylar we 114-nji pökgüsini geçirdiler. Gyrgyz toparlary AFK-nyň kubogynda biziň futbolçylarymyz bilen iň kän garşylaşan toparlardyr. Çarşenbe günündäki duşuşyk Gyrgyz Respublikasynyň toparlary bilen 15-nji duşuşygymyz boldy. Olaryň 8-si «Alaý», galan 7-si «Dordoý» bilen geçirilen duşuşyklardyr.
Şol gün AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda ilkinji pökgüsini geçiren, howply hüjümleriň başga-da birnäçesini geçirmäge gatnaşyp, duşuşygyň iň gowy oýunçysy bolan Merdan Gurbanow yklym ýaryşynda tapawutlanan 39-njy türkmenistanly futbolçy boldy. Bu ýaryşda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynyň başyny bolsa «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew çekýär. Şu ýyl ýene-de «Altyn asyryň» düzüminde yklym ýaryşyna gatnaşjak futbolçy yzda galan ýyllarda 15 pökgi geçirdi.
Indiki garşydaş ― «Hujand»
Şeýlelikde, «Ahal» ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy. Ýeňijä toparçalardan orun berjek tapgyrda türkmen futbolçylarynyň garşydaşy Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» futbol topary. Geçen ýyl hem şeýle tertibiň gaýtalanandygy okyjylarymyzyň ýadyndadyr. Saýlama tapgyryň birinji ädiminde «Dordoýdan» üstün çykan futbolçylarymyz peý-offda «Hujand» bilen duşuşyp, bu tapgyrdan hem üstünlikli geçipdiler.
Pleý-offuň ilkinji duşuşygy 6-njy martda ýene-de Aşgabatda kesgitlener. Jogap duşuşygy bolsa 13-nji martda Täjigistanda bolar. «Ahal» bu tapgyrdan hem üstünlikli geçip bilse, bassyr ikinji ýyl yklym ýaryşynyň bir toparçasynda iki wekilimiz ýaryşar.
AFK-nyň kubogy. Saýlama tapgyr.
27-nji fewral. «Aşgabat» stadiony. 10500 tomaşaçy.
«Ahal» (Türkmenistan) ― «Alaý» ― 1:0.
Pökgi geçiren: Merdan Gurbanow, 35.
«Ahalyň» düzümi: Batyr Babaýew, Gurbanguly Aşyrow, Şöhrat Söýünow, Döwran Orazalyýew (Pirmyrat Sultanow 72), Guwanç Abylow, Didar Durdyýew (Yhlas Saparmämmedow, 66), Wezirgeldi Ylýasow (kapitan), Hoşgeldi Hojowow, Abdy Bäşimow, Mirza Beknazarow, Merdan Gurbanow (Azady Annadurdyýew, 80).
«Alaýyň» düzümi: Abduaziz Makhamow, Nursultan Atamurzaýew, Odiljon Abdurahmanow (kapitan), Amir Şarifi (Aldilarbek Kabylbekow, 85), Joel Kojo, Timur Talipow, Akramjon Umarow, Çingiz Subanow (Şohmurod Mansurow, 56), Dawlatjan Baratow, Eldiýar Sardarbekow (Ulugbek Riskulow, 52), Sanjar Şarşiýew.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Merdan Gurbanow («Ahal»).
Baş emin: Mohammed Hled Al-Hoiş (Saud Arabystany).

ÇEŞME: Türkmen Portal
...