Horwatiýaly Ante Mişe - Futbol ýygyndymyzyň baş tälimçisi

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 20.03.2019 11:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#328)
51 ýaşly fransiýaly hünärmen Ante Mişe Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan Turkmenportala habar berdiler. Ozal bu wezipede Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň işländigini ýatladýarys. Ol bu işi "Altyn asyryň" baş tälimçiligi bilen birlikde alyp barypdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi kim? Geliň, ony ýakyndan tanalyň!

Ante Mişe 1967-nji ýylyň 14-nji iýunynda Ýugoslawiýanyň Wukowar şäherinde (häzirki Horwatiýanyň çäklerinde) doguldy. Futbol oýnan ýyllarynda, esasan, ýarym goragda çykyş eden hünärmen dürli ýyllarda Horwatiýanyň Split şäheriniň "Haýduk", Bosnýa we Gersogowinanyň Banýa-Luka şäheriniň "Boras", Gollandiýanyň "Witess" we Sloweniýanyň "Mura" toparlarynyň üstünlikleri üçin göreşdi. Ol klublarda jemi 305 duşuşyk geçirip, şolarda 24 gezek tapawutlandy. Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini bolsa 7 duşuşykda geýdi. Onuň futbol oýnan ýyllarynda gazanan üstünlikleri: Ýugoslawiýanyň kubogy (1991), Ýugoslawiýanyň kubogynyň finalçysy (1990), üç gezek Horwatiýanyň çempiony (1992, 1994, 2001), üç gezek Horwatiýanyň kubogy (1993, 2000, 2003) we "Haýdugyň ýüregi" atly şahsy baýrak (1994).

Tälimçilik ýyllarynda ol "Dugopolýe", "Mosor", "Trogir", "Haýduk", "Istra 1961", "Witez" ýaly toparlary türgenleşdirdi. 20015 - 2017-nji ýyllar aralygynda bolsa Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisi bolup işledi. Bosnýa we Gersogowinanyň Mostar şäheriniň "Zrinski" kluby Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisiniň soňky işlän ýeridir.

Ýeri gelende, Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň dünýäniň iň güýçli ýygyndylarynyň biridigini ýatlatmak isleýäris. Dünýä çempionaty - 2018-de kümüş medal eýelän horwat futbolçylary finalda Fransiýanyň ýygyndysyndan 2:4 hasabynda ýeňlipdiler.

ÇEŞME: Türkmen Portal
...