Horwatiýaly Rober Grdowiç Futzal ýygyndymyzyň baş tälimçisi

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 21.03.2019 12:06 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#329)
45 ýaşly horwatiýaly hünärmen Rober Grdowiç Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan Turkmenportala habar berdiler. Tälimçi bilen gepleşikler TFF-niň baş direktory Arslan Aýnazarowyň Horwatiýanyň Futbol federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Damir Wrbanowiç bilen Zagrebdäki duşşuyklarynyň çäginde geçirildi.

Rober Grdowiç 1974-nji ýylyň 23-nji fewralynda Germaniýanyň Zindelfingen şäherinde dünýä indi. Ol dürli ýyllarda “Uspinýaça” (Horwatiýa), “Kalýari” (Italiýa), “Žensano” (Italiýa), “Petar” (Horwatiýa), “Gostiç” (Horwatiýa), “Brodospilt Inženering” (Horwatiýa), “Zapad” (Horwatiýa) ýaly futzal toparlarynda oýnap, 2011-nji ýylda karýerasyny tamamlady.

Ol Horwatiýanyň milli ýygyndysynda hem baý tejribe toplady. Milli ýygyndy bilen 56 duşuşykda 38 gezek tapawutlanan hünärmen 2000-nji ýylda kiçi futbol boýunça dünýä çempiony, 1999 we 2001-nji ýyllarda bolsa Ýewropanyň çempiony boldy.

Tälimçilige başlansoň bolsa “Zapad”, “Nasional” ýaly toparlary türgenleşdirdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýyldaky Aziýa çempionaty Aşgabatda geçiriler. Horwatiýaly hünärmeniň öňünde goýlan esasy wezipe Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň paýtagtymyzda geçiriljek yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegini ýola goýmakdyr.

ÇEŞME: Türkmen Portal
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 22.03.2019 15:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#332)
Horwatiýaly hünärmen  Robert Grdowiç-iň Zadarski söhbetdeşligi

Horwatiýaly hünärmen  Robert Grdowiç Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenensoň, Horwatiýanyň "Zadarski.hr" neşiri täze işi bilen bagly tälimçi bilen söhbetdeş boldy.

"Hawa, bu dogry. Men häzir Aşgabada ugraýaryn. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdyk. Bu iş meniň tejribäm üçin hem uly synag bolar. 2020-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanda futzal boýunça Aziýa çempionaty geçiriler. Yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş edip bilen toparlar ýene-de şol Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna-da gatnaşmaga hukuk gazanar. Men Türkmenistanyň ýygyndysy bilen gowy netijeleri gazanyp bileris diýip umyt edýärin. Men Youtube ýaýlymlary arkaly Türkmenistandaky futzalyň derejesi bilen tanyşdym. Ony has ýokary çekip bolar" diýip, horwat metbugatynda R.Grdowiçiň aýdanlary getirilýär.

Horwat futzalynyň ady rowaýata öwrülen wekili öz ýany bilen kömekçilerini, şol sanda derwezeçileri taýýarlaýan tälimçileri hem Aşgabada alyp geler.
...