Türkmenistanda Halkara Nowruz güni ýokary derejede bellenildi

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 22.03.2019 21:13 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#330)
Şu gün ýurdumyzda Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni köpöwüşginli dabaralara beslendi. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere baharyň gelmegini, tebigatyň janlanýandygyny, parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

...Nowruz ýaýlasynyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada orta asyr gündogar şäheri äheňindäki derwezeleriň ýanynda hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ähli welaýatlaryň we türkmen paýtagtynyň, şeýle hem dürli ýurtlaryň wekilleri, şol sanda syýahatçylar - baýramçylyga gatnaşýan köp sanly adamlar duz-çörek bilen garşylanyldy.

Aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Soňra ýaýlanyň belent derwezeleri açylyp, guşlaryň owazy, çeşmeleriň joşgunly sesleri eşidilýär. Bahar paslynyň esasy alamaty bolan ýyldyrym çakyp, gök gümmürdeýär. Şeýlelik bilen täzeden janlanan topraga ýaz ýagşy ýagýar.

Bu ýerde, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, baýramçylyk şäherçesi döredildi. Hatara guralan ak öýler, giň howlular, baglar, senetkärleriň ussahanalary, gündogar bazarynyň ruhubelent täjirleri, sergi meýdançalary bu künjege özboluşly bezeg berýär. Şeýle hem sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Bagşylaryň, sazandalaryň, tansçylaryň we estrada aýdymçylarynyň joşgunly owazlary utgaşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Myhmanlaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleri, şeýle hem «Nowruznama» kitaby esasynda taýýarlanan özüne çekiji, täsirli sahna eserleri ýaýbaňlandyryldy. Olarda bu nurana baýramçylygy garşylamagyň gadymy däpleri öz beýanyny tapýar. Tomaşaçylaryň öňünde asyrlaryň we müňýyllyklaryň ýagşy dessurlary, bahar paslynyň gelmegi bilen döredilýän bereket bolçulygy, täze günüň şuglasy, şeýle hem şadyýanlyk emele gelýär.

Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri döredijilik güýjüniň erkinligini, halk döredijiliginiň ähli görnüşleriniň ýüze çykmagyny, köp sanly nesilleriň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Nowruz ýaýlasynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň folklor, aýdym-saz we teatr toparlary öz çykyşlarynda halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynyň häzirki döwürde kämil derejede ösdürilýändigini görkezdiler.

Soňra ýaşajyk artistleriň çykyşlary boldy. Birleşdirilen çagalar tans toparlary «Ýag, ýagyş!» atly folklor çykyşyny ýerine ýetirdi. Şonda körpe artistler Nowruzyň gelendigini baýramçylyk çykyşlary we şadyýan goşgy setirleri bilen buşlaýarlar. Soňra dabara gatnaşýan çagalaryň hemmesi bu çykyşlara goşulýar.

Soňra Ahal welaýatynyň tans-etnografiýa topary sahnalaşdyrylan eserleri ýaýbaňlandyrdylar. Onuň dowamynda derwüşleriň gadymy tansyny ýerine ýetirýänleriň hataryna deprekçiler topary goşulyp, bu çykyşa joşgun berdiler. Bu ýerde dikilen ak öýleriň ýanynda Nowruzyň gelmegi bilen baglanyşykly dürli däp-dessurlar öz beýanyny tapdy.

Myhmanlaryň gezelenç edýän ýolunyň beýle tarapynda ajaýyp baglyk görünýär. Şol ýerde Lebap welaýatynyň sungat ussatlary ekerançylyga we bagçylyga bagyşlanan sahna eserleri bilen çykyş edýärler. Çykyşlarda «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky nakyllar esasynda döredilen görnüşler ýaýbaňlandyryldy. Onda halkymyzyň janly tebigata bolan söýgüsi, mähriban toprak hakyndaky aladasy aýdyň duýulýar. Kitapda «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky...» diýlen jümläniň manysy çykyşlarda görkezilýär.

Haly we dokma önümleriniň, süýt önümleriniň, şeýle hem türkmen topragynda giňden ösýän dermanlyk ösümlikleriň we olardan taýýarlanylýan tenekar çaý içgileriniň sergisi edebi-sazly çykyşlar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Kaşarlary, Garagum sährasynyň öri meýdanlaryny, çopan goşlaryny beýan edýän görnüşler dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Bu ýerde şeýle hem çal, gatyk, süzme, aýran, gurt, saryýag, mesge, owuz, peýnir, sargan, motal ýaly türkmenleriň däp bolan süýt önümlerini taýýarlamagyň syrlaryny bilip bolar ýa-da ýüň daramak, gamyş örmek işlerinde öz ukybyňy synap, keçe basmaga öz goşandyňy goşup, dokma enjamyny işledip, deri önümlerinden possunlary, telpekleri, gaýyş ädikleri tikmegiň usullaryny synlap bolar.

Soňra sahnalaşdyrylan çykyşlarda Nowruzyň ylmy dünýäsi, onuň taryhy barada gürrüň berildi. Mary welaýatynyň teatr artistleri filosofiýanyň, lukmançylygyň, matematikanyň, astronomiýanyň ösüşine ägirt uly goşant goşan Gündogaryň görnükli alymlarynyň keşplerini janlandyrdylar. Olaryň hatarynda Omar Haýýam, Al Biruni, Al Horezmi, As Suli, Al Farabi, Lukman Hekim, Nejmeddin Kubra, Zamahşary, Mäne Baba we beýlekiler bar.

Bu görnüşler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň Gadymy Merw hakyndaky bölümleri esasynda taýýarlandy.

Folklor toparlarynyň çykyşlary gadymy obserwatoriýanyň, kitaphananyň we şol döwrüň ýadygärlikleriniň taryhy şekilleri, gum hem-de gün sagatlarynyň nusgalary, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde taryhy gymmatlyklary rejelemek boýunça işler, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň küýzegärlik we beýleki sungat eserleri baradaky sahnalary giňişleýin beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň bölümleri türkmen milli aşhanasyna bagyşlanan çykyşlaryň esasyny düzdi. Onda Nowruzyň esasy tagamy hasaplanylýan semenini taýýarlamagyň usullary, baýramçylyk sowgady üçin bugdaý maýsasyny ösdürmegiň usullary görkezildi. Bu görnüşleri Daşoguz welaýatynyň folklor toparynyň agzalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Aýal-gyzlar degirmende dänäni üwemekden, uny elemekden we ony garmakdan başlap, hamyry taýýarlamagyň gadymy usulyny görkezdiler. Soňra tamdyrlara çörek ýapyldy we olar ähli isleýänlere hödür edildi. Myhmanlara ýörite gapda ösdürilip ýetişdirilen we alaja daňylan bugdaý maýsalary sowgat berildi.

Tomaşaçylar gatlama, çapady, pişme, çelpek, petir çörek, ýagly çörek ýaly milli nygmatlaryň taýýarlanylyşyny gördüler we bu tagamlardan gyzgynlygy bilen dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.

Türkmenleriň ähli baýramçylyk dabaralaryna ajaýyp bedewlere atlanan ussat çapyksuwarlar gatnaşýarlar. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň halkara sirk festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Nowruzyň milli oýunlary» atly çykyşy görkezdi. Bu şowhunly sahna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynyň beýany boldy.

Ine, ýene-de türkmen jigitleri ajaýyp bedewlerde sazyň astynda özleriniň belent ussatlyklaryny görkezýärler, hemmelere ýatdan çykmajak tolgundyryjy duýgulary bagyşlaýarlar. Bedewleriň seýkin basyşy hem-de çalasynlygy olaryň kamatyna laýyk gelýär.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynyň birleşen folklor topary küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi, oňa dabara beýleki gatnaşyjylar hem höwes bilen goşuldylar.

Şol wagt ýaşlar halk oýunlaryny oýnap, ony şadyýan aýdymlar we şahyrana degişme setirler bilen utgaşdyrýarlar. «Serpaý» folklor-etnografiýa topary milli oýunlaryň şekilleri utgaşdyrylan çykyşy görkezdi. Tomaşaçylar şeýle hem türkmen milli göreşi boýunça pälwanlaryň tutluşyklaryny, ýaglyga bökmek bäsleşigini synladylar. Milli oýunlaryň hatarynda şeýle hem aýterek-günterek, çilik, çowgan, altyn gabak, guýruk tutdy we beýlekiler ýerine ýetirildi.

Monjugatdy gyzlaryň arasynda iň köp ýaýran oýunlaryň biridir, monjuklarda pal atylýan bu oýun wagtyň geçmegi bilen başarjaňlygy ýüze çykarmakda degişme häsiýetli bäsleşige öwrüldi. Oýnuň dowamynda gyzlar gazallary ýerine ýetirýärler, läle kakýarlar, toý aýdymlaryny aýdýarlar.

Bu sahnany «Meňli», «Näzli», «Aşgabat» toparlarynyň, talyp gyzlar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň birleşen folklor topary ýerine ýetirdi. Ýoluň ugry boýunça aýal-gyzlaryň el işleriniň, nepis keşdeleriň, nagyşlaryň, keteni matasynyň, haly önümleriniň, sowgatlyklaryň we beýlekileriň sergisi guraldy.

Bu görnüşleri «Nowruzyň aşhanasy» atly bölüm jemledi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» kitapdan aýry-aýry bölümler sahnalaşdyryldy. Merkezi ýodajygyň iki tarapy boýunça milli aşpezligiň tagamlary bilen miweler, gök önümler bilen bezelen saçaklar ýazyldy, bu tagamlar aşpezlik sungatynyň iň gowy aşpezleri tarapyndan taýýarlanyldy. Olar aşhana gurallary bilen dürli tagamlary taýýarlamagyň tälimlerini görkezdiler. Dabara gatnaşyjylar höwes bilen tagamlardan dadyp gördüler. Bu ýerde kyrk gazan atarylyp, olardan palawyň, ýarmanyň, çorbanyň, unaşyň, dogramanyň tagamly ysy siňen tüsseler göge göterilýär.

Nowruzyň baýramçylyk tagamlarynyň hatarynda gaýnatma, buglama, çekdirme, tamdyrlama, nowruz köjesi, ýumurtgaly, etli, ysmanakly, kädili börek we beýlekiler bar. Biraz aňyrrakda bolsa gazanlama, mäş, jöwen, dürüşde, şüle, gömme, içlekli, gutap, somsa tagamlary hoşboý ysy bilen özüne çekýär. Goýun etinden çişlikler, gowrulan balyk, kebap tagamlary hem baýramçylyk çäresine ýakymly öwüşgin çaýdy.

Şeýle hem bu ýerde ter gök önümler we miweler hödür edildi, olar türkmen topragynyň, baglaryň miweleriniň, balyk önümleriniň we beýlekileriň sergisiniň üstüni ýetirdi. Teatr artistleriniň ýerine ýetiren sahnalary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Şonda halk aýdym-sazlary biziň günlerimiziň estrada owazlary bilen aýratyn sazlaşyk döretdi. Dabara umumy küştdepdi tansy bilen jemlendi.

Nowruza bagyşlanan dabara gadymy baýramçylygyň däpleriniň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna, biziň mirasymyzyň bolsa, häzirki nesiller tarapyndan dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Ahal jülgesinde şadyýan baýramçylyk, agşam çagy dowam etdirildi - şonda öňden gelýän dessurlar berjaý edilip, ot ýakyldy hem-de isleg bildirýänleriň ählisi gadymy döwürlerde ata-babalarymyzyň edişi ýaly, oduň üstünden böküp geçdiler, belent hiňňildiklerde uçdular. Hiňňildiklerde uçmak ruhy taýdan arassalanyş hasap edilýär, bu adat täze ýyla täze gujur, päk ýürek we nurana niýetler bilen girmäge mümkinçilik berýär.

Asyrlar we müňýyllyklar geçýär, ýöne taryhy sepgitlerden geçen bu baýramçylyk biziň günlerimizde hem türkmen halkynyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Ol öçmejek merjen bolmagynda galmak bilen, bize gözellik we hoşniýetlilik duýgularyny peşgeş bermegini dowam edýär, dostluga, doganlyga, agzybirlige, täze üstünliklere çagyrýar.

Şu gün baýramçylyk konsertleri we köpçülikleýin medeni çäreler ýurdumyzyň sebitleriniň merkezleriniň ählisinde we Aşgabat şäherinde, şol sanda açyk meýdançalarda we seýilgählerde, raýatlarymyzyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Nowruz türkmen halkynyň döredijiliginiň, ruhubelentliginiň hem-de tutanýerli zähmetiniň aýdyň beýanyna öwrülip, ösüşiň has belent sepgitlerine çagyrýar we biziň ýüreklerimizde rowaç Watanymyza buýsanç duýgusyny berkidýär.
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | 22.03.2019 22:14 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#331)
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlaryň Milli bahar baýramy bilen şeýle gutlady.
"Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Egsilmez ylham-joşgunyň, ak arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, belent maksatlaryň gözbaşy bolan bu baýramyň halkymyzyň ruhuny has-da belende göterip, tutumly, beýik işlere galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Gadymy Nowruz baýramy müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini özünde jemleýär.
Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem baý durmuş tejribesine daýanýan, köpöwüşginli däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary özünde jemleýän bu baýrama ähli döwürlerde uly sarpa goýlupdyr. Asyrlaryň dowamynda onuň many-mazmuny yzygiderli baýlaşdyrylyp gelnipdir.
Şoňa görä-de, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy.
Halkara Nowruz güni dünýäniň onlarça ýurdunda giňden bellenilip, halklaryň nurana geljege bolan röwşen arzuw-umytlarynyň nyşanyna öwrüldi.
Bu baýram adamzadyň umumy medeni mirasynyň, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň bitewüligini beýan edýär. Halklary parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ýakynlaşdyrýar.
Jemgyýetimizi ösdürmegiň, döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde biz halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy tejribesiniň, gadymy däpleriniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň bütin dünýäde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris.
Gözel türkmen topragynyň läle-reýhanly, gül-gülälekli ajaýyp künjegi bolan Nowruz ýaýlasynda Halkara Nowruz gününiň - Milli bahar baýramynyň uly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçilmegi asylly däp-dessurlarymyza ygrarlydygymyza aýdyň şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!
Nowruz täze güni, täze durmuşy alamatlandyryp gelýär.
Şoňa görä-de, bu baýram berkarar döwletimiziň bahar joşguny siňen täze ösüşleri, täze özgertmeleri, ýeten belent sepgitleri bilen hem berk baglanyşýar. Bu günler tebigatyň täzelenip, gözel keşbe beslenişi ýaly, berkarar Watanymyz hem gülläp ösüşlere eýe bolýar.
Baýramçylyk günlerinde başy başlanýan döwletli işler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp, ulanmaga berilýän binalar bu hakykaty tassyklaýar.
Bahar pasly gözel tebigata, ynsan kalbyna uly ruhubelentlik, jümle-jahana täzeleniş bagyş edýär.
Keremli türkmen topragyna Günüň mähir-çogunyň siňmegi bilen, daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan watandaşlarymyz üçin örän jogapkärli we gyzgalaňly döwür başlanýar.
Bereketli saçaklarymyzyň datly naz-nygmatlardan dolup durmagy, mukaddes topragymyzdan önýän hasylyň berekediniň egsilmezligi dileg edilip, täze hasylyň düýbi tutulýar.
Bu baýram halkyň rysgal-döwletliliginiň hem nyşanydyr.
Şoňa görä-de, Nowruz baý medeni we edebi mirasymyzda, halk döredijiliginde öz mynasyp waspyna eýedir.
Tebigatyň, jümle-jahanyň joş urýan bahar çagynda ýaşaýşy, tämizligi we gözelligi bagyş edýän Milli bahar baýramynyň döredijilik kuwwaty, joşgunly dabarasy toý-baýramlarymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýar, ata Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň, bagtyýar halkymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini has-da belende göterýär.

Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Sizi ynsan durmuşyny nurlandyrýan, ruhuny galkyndyrýan, asylly duýgulary joşa getirýän Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan merdana halkymyza berk jan saglyk, egsilmez bagt, abadan durmuş we uly üstünlikleri arzuw edýärin."
...