Gyzgyn Entryler

Türkiýede üç türkmen studenti neşe öndürmekde tussag edildi0

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogynda FK Ahal we Altyn Asyr toparlarymyz0

Türkmenistanda 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar gününi bellenildi, aýal-gyzlara 40 manat (4$) berildi0

Türkmenistandan başga döwletlere göçýänleriň sany barha köpelýär0

Polimex kompaniýanyň başlygy Türkmenistany terk etdi0

Türkmenistanyň Istanbuldaky Konsoloslygynda dokument almak prosedurasynda gereksiz kynçylyklar0

Daşoguz welaýatyndaky döwlet dükanlarynda un we çörek satmaklyga çäklendirme girizildi0

Daşoguzda Dollar Gara Bazarçylary (Walýutçikleri) awlanýar.0

Türkmenistanda dermanlaryň bahasy bir ýylda 50% gymmatlady0

"Diagnozy ýygnak" hekaýa.0

Türkmenistanda howa gimnastikaçysy Parahat Orazlyýew ýokardan ýykylyp öldi0

Aziadadaky birnäçe türkmen sportsmenleri doping ulanandygy üçin medallary alynyp tussag edildi0

Türkmenistanda žurnalistika instituty döredilýär0

Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby Ýurduň iň gowy etraby saýlandy $1 million sylag berildi0

Türkmenistandaky ralli, weloýaryş we ylgaw bäsleşigi 26-njy fewralda başlanar0

Sapardurdy Toýlyýew Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti boldy0

Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň resmi internet web saýtlary0

Dollaryň “gara bazar” kursy resmi kursdan eýýäm üç esseden gowrak gymmatlady0

Türkmenistanyň goşuny kuwwaty boýunça Merkezi Aziýada üçünji orunda durýar0

Hoş geldiň täze ýyl 2018 - hoş gal 20170

Olimpiýa stadionyndaky äpet at kellesi

0 ses
26 gezek okaldy
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 23 Awgust 2017 02:04 (#49)
Aşgabadyň Olimpiýa stadionyndaky äpet at kellesi heýleki Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdir. Stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany diýip “Guinness World Records“ kompaniýasynyň wekilleriniň ykrar edildi. Wekilleriniň beren şahadatnamasyna laýyklykda, atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40, 24 metrdir (132 fut 0,6 dýuým) barabar boldy. Ine şadatnamanyň suraty: https://i.hizliresim.com/zB9Dv6.jpg

Türkmenistan örän ýygy-ýygydan Ginnesiň rekordalr kitabynda peýda bolýar. Ýurtda dürli ýyllarda şu aşakdaky rekordlar hasaba alyndy:

1) dünýäde mermer binaly jaýlaryň iň gür ýeri (Aşgabatda);
2) dünýäde ýapyk görnüşli iň uly görüş çarhy;
3) iň uly fontan-heýkel toplumy bolan “Oguzhan”;
4) iň belent baýdak sütüni (soň bu rekord Täjigistan we Saud Arabystany tarapyndan bozuldy):
5) täze uçar menziliniň üçeginde iň uly göl şekili ýerleşdirildi;
6) elden dokalan iň uly haly:
7) dünýäde iň uly ýyldyz şekilinde gurlan telemerkez;
8) Türkmenistanda ak öý görnüşinde iň uly bina guruldy;
9) bu ak öýde 4 müň adam bir wagtda Türkmenistanyň prezidentiniň “Öňe, diňe öňe” diýen aýdymyny ýerine ýetirdi we bu hem “Guinness World Records” kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan bellige alnyp, Ginnesiň rekordlar kotabyna girizildi.

Facebook Çakylygy

Facebookdaky dostlaryňyzy Gyzgyn saýtyna çagyryň!

Bu Entryni Paýlaş!

...