Gyzgyn Entryler

Türkiýede üç türkmen studenti neşe öndürmekde tussag edildi0

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogynda FK Ahal we Altyn Asyr toparlarymyz0

Türkmenistanda 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar gününi bellenildi, aýal-gyzlara 40 manat (4$) berildi0

Türkmenistandan başga döwletlere göçýänleriň sany barha köpelýär0

Polimex kompaniýanyň başlygy Türkmenistany terk etdi0

Türkmenistanyň Istanbuldaky Konsoloslygynda dokument almak prosedurasynda gereksiz kynçylyklar0

Daşoguz welaýatyndaky döwlet dükanlarynda un we çörek satmaklyga çäklendirme girizildi0

Daşoguzda Dollar Gara Bazarçylary (Walýutçikleri) awlanýar.0

Türkmenistanda dermanlaryň bahasy bir ýylda 50% gymmatlady0

"Diagnozy ýygnak" hekaýa.0

Türkmenistanda howa gimnastikaçysy Parahat Orazlyýew ýokardan ýykylyp öldi0

Aziadadaky birnäçe türkmen sportsmenleri doping ulanandygy üçin medallary alynyp tussag edildi0

Türkmenistanda žurnalistika instituty döredilýär0

Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby Ýurduň iň gowy etraby saýlandy $1 million sylag berildi0

Türkmenistandaky ralli, weloýaryş we ylgaw bäsleşigi 26-njy fewralda başlanar0

Sapardurdy Toýlyýew Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti boldy0

Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň resmi internet web saýtlary0

Dollaryň “gara bazar” kursy resmi kursdan eýýäm üç esseden gowrak gymmatlady0

Türkmenistanyň goşuny kuwwaty boýunça Merkezi Aziýada üçünji orunda durýar0

Hoş geldiň täze ýyl 2018 - hoş gal 20170

Demirgazyk Koreýa hakynda täsinlikler

0 ses
326 gezek okaldy
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Umumy Maglumat | 13 Sentýabr 2017 15:36 (#62)
Bilişimiz ýaly Demirgazyk Koreýa (DK) dünýäde iň içine ýapyk döwlet hasaplanylýar. Adam haklary, Ykdysady azatlyk, Medýa azatlygy ýaly döwletler indeksinde köp ýyllardan bäri iň soňky orunda durup gelýär.
Dekabr 2011-e çenli atasy Kim Song II DK-nyň prezidentidi. Şol taryhda atasy duýdansyz aradan çykýar, ýerine üçünji aýalyndan bolan ogly Kim Jong Un saýlawlarda sesleriň 100% alyp geçýär. Ol bakalwr derejesini Şwesariýa-da galp pasport bilen okapdyr. Heniz gaty ýaş we esgeri ýa-da syýasy tejribesi bolmadyk Jong Un, şol wagtlar syýasatda iň güýçliler hatarynda hasaplanylýan daýzasy we gyz doganynyň ärine ölüm permany berýär. Watana dönüklik sebäpli 120 aç itiň öňüne zyňyp öldürdi diýilýär. Jong Un iň halaýan zatlary: şampanýa içmek, emmental we hawýara peýniri we gyzyl et,

DK-daky täsinlikler:
-Erkekler üçin 10, gyzlar üçin 28 saç modeli bar. Diňeje şularyň arasynda saýlap saçyny kesdirip bilýärler.
-Diňeje 3 TW kanaly bar. Ikisi 6-7-nji günler. beylekisi bolsa diňeje agşamlary ýaýlym berýär. TW-ler fabrikadan diňeje şu kanalara düzlüp çykarylýar, beýleki kanallara rugsat berilmeýär.
-Radýolar hem diňeje döwletiň frekanslaryny çekýän edip düzülen.
-Döwlet içinde telefon networky bar, ýöne diňeje döwlet içinde DK nomerleri üçin ýörgün. Daşarky döwletlere jaň edip bolanok.
-Diňeje döwlet edaralarynda we üniwersitetlerde internet bar. Ýöne munuň kontroly hem Jong Un-nyň partiýasy Komunist Partiýanyň kontrolynda.
-5 ýylda bir saýlaw bolýar. Elbetde diňeje bir dalaşgär gatnaşýar, şonuň üçinem sesleriň 100%-ini hem Jong Un alýar.
-Döwlete diňeje Hytaýdan we Rossiýadan girip bolýar.
-Diňeje bir howaýoly Air Korýo uçuşlaryna rugsat berilýär.
-Döwlete ýylda 2 müň turist gelýär. Gelen her turistiň başyna bir milise berilýär. nirelere gidip gezip biljekdigine we nireleriň suratyny düşürip biljekdigine hat-da kimler bilen gepleşip biljekdigine şol milise karar berýär.
-DK-da hususy maşynlara rugsat berilmeýär. Diňeje döwletiň rugsat beren adamlaryň maşynlary bar.
-Gije 11-den soň köçä çykmak gadagan we 12-den soň hem hemme ýerlerde tok öçürilýär. DK tötänleýin gap-garaňky bolýar.
-Her täze dogulan çaga derrew registrasiýa edilip, ömrüniň soňuna çenli gözleg astynda tutulýar.
-Döwletiň önümçiligi aýal gyzlaryň syrtyndadyr.
-Dk-da işçiler aýda 1-2 dollar gazanýar.
-Döwletde poçti hemmeler esger. Dünýäniň iň uly armiýasyna eýe diýip bileris. Armiýada 8 milýona golaý esger bolar.
-Erkekler üçin armiýa 10 ýyl, gyzlar üçin 3 ýyl.
-Dünýäniň iň uly stadiýony paýtagt Pýongýanda ýerleşýän 150 mün adamlyk Rungrado Maý Daý stadiýony.
-DK-da marihuana oty gadagan däl.
-Hemme mugallymlar hökman akordeýon çalyp bilmeli.
-Gübre az bolany üçin oba hojalyk we ekerançylykda adam dyşgysy (boky) hem ulanylýar.
-ABŞ-nyň symboly diýlip jynsy geýmek gadagan edilen.

Facebook Çakylygy

Facebookdaky dostlaryňyzy Gyzgyn saýtyna çagyryň!

Bu Entryni Paýlaş!

...