Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa oýunlarynda medal hasabynda birinji

+1 ses
66
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 24 Sentýabr 2017 17:38 (#64)
24-nji sentýabrda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna 3 gün galandaTürkmenistan umumy medal sanynda ýakyn bäsdeşinden hem iki esseden gowrak kän medal bilen öňde barýar.

Häzirki pursatda, Aziadanyň resmi saýtynyň maglumatlaryna görä, türkmen sportsmenleriniň gapyrjagynda 197 medal bar (77 altyn, 55 kümüş, 65 bürünç). Ikinji orunda 79 medal (20 altyn, 15 kümüş, 44 bürünç) bilen Eýran, ondan soňra bolsa 51 medal  (18 altyn, 18 kümüş, 15 bürünç)  bilen Hytaý,  92 medal  (16 altyn, 26 kümüş, 50 bürünç) bilen Özbegistan döwleti gelýär.

1 - Türkmenistan: 197 medal (77 altyn - 55 kümüş - 65 bürünç)
2 - Eýran: 79 medal (20 altyn - 15 kümüş - 44 bürünç)
3 - Hytaý Halk Respublikasy: 51 medal (18 altyn - 18 kümüş - 15 bürünç)
4 - Özbegistan: 92 medal (16 altyn - 26 kümüş - 50 bürünç)
5 - Taýland: 55 medal (16 altyn - 17 kümüş - 22 bürünç)
6 - Gazagystan: 53 medal (16 altyn - 13 kümüş - 24 bürünç)
7 - Günorta Koreýa: 24 medal (9 altyn - 6 kümüş - 9 bürünç)
8 - Wýetnam: 29 medal (8 altyn - 6 kümüş - 15 bürünç)
9 - Hong Kong: 21 medal (8 altyn - 4 kümüş - 9 bürünç)
10 - Gyrgyzystan: 42 medal (6 altyn - 14 kümüş - 22 bürünç)
11 - Hytaý Taýpeýi: 18 medal (6 altyn - 5 kümüş - 7 bürünç)
12 - Mongoliýa: 23 medal (5 altyn - 7 kümüş - 11 bürünç)
13 - Hindistan: 21 medal (5 altyn - 7 kümüş - 9 bürünç)
14 - Birleşen Arap Emirlikleri: 17 medal (5 altyn - 4 kümüş - 8 bürünç)
15 - Saud Arabystany: 10 medal (3 altyn - 5 kümüş - 2 bürünç)
16 - Katar: 8 medal (3 altyn - 3 kümüş - 2 bürünç)
17 - Yrak: 8 medal (3 altyn - 0 kümüş - 5 bürünç)
18 - Filippinler: 23 medal (2 altyn - 10 kümüş - 11 bürünç)
19 - Päkistan: 20 medal (2 altyn - 3 kümüş - 15 bürünç)
20 - Indoneziýa: 13 medal (1 altyn - 2 kümüş - 10 bürünç)
21 - Iordaniýa: 12 medal (1 altyn - 2 kümüş - 9 bürünç)
22 - Şri-Lanka: 4 medal (1 altyn - 2 kümüş - 1 bürünç)
23 - Owganystan: 10 medal (1 altyn - 1 kümüş - 8 bürünç)
24 - Fiji: 2 medal (1 altyn - 1 kümüş - 0 bürünç)
25 - Siriýa Arap Respublikasy: 3 medal (1 altyn - 0 kümüş - 2 bürünç)
26 - Bahreýn: 2 medal (1 altyn - 0 kümüş - 1 bürünç)
27 - Täjigistan: 35 medal (0 altyn - 8 kümüş - 27 bürünç)
28 - Malaýziýa: 1 medal (0 altyn - 1 kümüş - 0 bürünç)
29 - Marşal Adalary: 1 medal (0 altyn - 1 kümüş - 0 bürünç)
30 - Liwan: 4 medal (0 altyn - 0 kümüş - 4 bürünç)
31 - Awustraliýa: 2 medal (0 altyn - 0 kümüş - 2 bürünç)
32 - Ýaponiýa: 2 medal (0 altyn - 0 kümüş - 2 bürünç)
33 - Garaşsyz Olimpik Sportsmenler: 1 medal (0 altyn - 0 kümüş - 1 bürünç)
34 - Singapur: 1 medal (0 altyn - 0 kümüş - 1 bürünç)

Türkmen ýygyndysy iň kän altyn medaly guşakly göreş (39) we milli göreş (23) boýunça geçirilen ýaryşlarda aldy.

Mundanam başga, türkmen sportsmenleri jiu-jitsu (7 altyn), bilýard (2), kureş (2), taý boksy (2), agyr atletika (1) we konkur (1) boýunça geçirilen ýaryşlarda ilkinji orunlary eýelediler.

Doly statistakalar üçin Aziýadanyň resmi web sahypasyny zyýarat ediň: http://ashgabat2017.com/ru/medals

Türkmenistan adyna tapawutlanyp 6 altyn medal alan sportmen Seýdi Batyrow Aziýada oýunlarynyň iň rekortmen sportsmeni bolmana taýýarlanýar:
http://ashgabat2017.com/atos/ashgabat17/eng/zb/engzb_belt-wrestling-athlete-profile-n165240-batyrow-seydi.htm

Bu Entryni Paýlaş!

...