Aziýadanyň Türkmenistanly sportsmenlerine jaý, Toýota Camry we pul sowgat edildi

0 ses
39
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 29 Sentýabr 2017 14:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#66)
17-27 Sentýabr 2017 aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýada olimpiýat oýunlarda Türkmenistanly sportsmenler jemi 245 medal (89 altynş 70 kümüş, 86 bürünç) bilen döwletler kategoriýasynda 1-nji orny aldy.
Türkmenistan hökümeti bu üstünlikli we buýsançy netijeler üçin Türkmenistanly sportmenlere we olaryň tälimçilerine ýörite sowgatlar berdi. Dün gurnalan dabara bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow sportsmenlere we tälimçilerine bir-bir sowgatlaryny gowşurdy. Tälimçiler altyn nyşan, Türkmenistanyň tituly we Toýota Camry model awtoulag bilen sylaglandyryldy. Käbir sportsmenlere bolsa Aşgabatdan jaý hem sowgat edildi. Aziýadada altyn medal alan sportsmenler Toýota Camry model awtoulag; kümüş medal alan sportsmenler 5000 USD; bürünç medal alan sportsmenler bolsa 3000 USD pul bilen sylaglandyryldy.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen prezidentimiziň ogly we Mejlisiň Kanun Komissiýa başlygy Serdar Berdimuhammedowa sporta beren goşantlaryndan ötrin ýörite nyşan berildi.

Bu Entryni Paýlaş!

...