Aşgabatdaky STARBUCKS hakyky däl, galp ekeni

+1 ses
42
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 02.10.2017 19:58 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#67)
Aşgabadyň “Bagtyýarlyk” söwda merkezinde bu ýyl açylan “Starbucks Coffee” kafesi hakyky däl, galp ekeni. Kafede 15 manatdan (döwlet kursunda $4,3 ýa-da “gara bazar” kursunda $2,3) frappuçino kofe satýar.

“Eurasianet” neşiriniň maglumatyna görä, bu kafeniň şeýle at bilen dünýä belli kofeçä hiç bir baglanyşygy ýok. Eurasianetiň žurnalistleri hakyky Starbucksyň resmi wekiline bu kärhananyň kanun esasynda işläp işlemeýändigini barada sorap ýüz tutupdyrlar we kompaniýanyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça wekili Jeými Raýli (Jaime Riley) Türkmenistanda hiç hili resmi Starbucks kafesiniň ýokdugyny aýdypdyr.

Bu kafe kompaniýanyň saýtynda 70 ýurtdaky, şol sanda Gazagystandaky 24 müň resmi kafeni görkezýän kartalarynda hem ýok.

Ýapyk ykdysadyýetde beýle biznes, syýasy elitadan goldaw bolmasa, asla mümkin däl. Indi bolsa ýüze çykan esasy sorag “Bu galp kafeniň eýesi kim bolup biler? we näme üçin we haýsy hak bilen başga bir firmanyň adyny we markasyny ulanýar?”.
...