Türkmenistanda Korrupsiýa we Ykdysady jenaýatlara garşy göreş geçirilýär, köp sanda tussaglar bar

0 ses
282
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 5 Oktýabr 2017 23:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#69)
Bilişimiz ýaly geçen maý aýynyň başynda prezident Berdimuhamedow korrupsiýa garşy göreş kampaniýasynyň başlanýandygyny yglan etdi, netijede bir topar ýokary derejeli emeldar we güýç gurluşlarynyň resmileri tussag edilipdi. Prokuraturanyň bir topar işgäriniň tussag edilmegi netijesinde baş prokuror Amanmyrat Hallyýew hem wezipesinden boşadyldypdy. Korrupsiýa garşy göreş üçin Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça-da döwlet gullugy döredilip we onuň başyna bolsa polkownik Mämmethan Çakyýew bellenilipdi.
Bu gün 5-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda Mämmethan Çakyýew korrupsiýada aýyplanan emeldarlaryň bir toparynyň tussag edilendigini habar berdi, hat-da bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi hem habar geçdi.
Senagat ministrliginiň "Türkmen Demir Önümleri" kärhanasynyň başlygy Merdan Babaýew öz golasty işgärlerinden, hususan-da öz orunbasary Döwran Allakulyýewden para alandygy we 2012-2017 ýyllar arasynda döwlet kärhanasynyň önümlerini kommersiýa gurluşlary arkaly döwlet bahasynda has hem ýokarlandarylan bahadan satyp bikanun gazanç edendigi ýüze çykardy, Geçirilen derňewler netijesinde Babaýew we Allakulyýew jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Olara degişli awtoulaglar maddy subutnama hökmünde konfiskasiýa edildi.
Dokma senagaty ministrliginiň hem birnäçe kärhanasynda barlag geçirildi. Hususan-da Ahal welaýat birleşiginiň başlygynyň orunbasary Allanazar Ýazberdiýewiň döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetirendigi ýüze çykaryldy.
Daşogyz şäher häkimliginiň ýanyndaky "Daşoguzhyzmat" hojalyk hasaplaşygy kärhanasynyň başlygy Kerimbaý Matnazarow öz gulluk ýagdaýyndan peýdalanyp, dokma senagatynyň taýyn önümlerini ibermek boýunça şertnama baglaşypdyr we kezzaplyk hem-de hile-mekirlikler bilen döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetiripdir.
Häzir döwlete ýetirilen zyýany yzyna gaýtarmak üçin iş alnyp barylýar. Demirýol transporty ministrliginde hem barlaglar geçirilýär. Demir ýoluň Aşgabat bölüminiň stansiýa ýolbaşçysy Täçmyrat Gurbanmämmedow stansiýanyň hasabyna gelip düşen hyzmat ýygymlarynyň girdejisini peseldipdir. Netijede, döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetirilipdir. Gurbanmämmedow jenaýat jogapkärçiligine çekildi.
Medeniýet ministrliginde hem barlag geçirildi. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň medeniýet bölüminiň başlygy Şadurdy Momaýew, bölümiň işgärleri Şamuhammet Nurmuhammedow we Goçmyrat Rejebow hasabatlardaky maglumatlary galplaşdyrmak arkaly döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetiripdirler. Olaryň garşysyna jenaýat işleri gozgaldy. Derňew dowam edýär.

Bu Entryni Paýlaş!

...