Türkmenistan Garaşsyzlyk Baýramynyň taryhy we güni üýtgedildi

0 ses
699
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 11 Oktýabr 2017 20:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#73)
9-10 Oktaýbr 2017-de geçirilen Ýaşulylar Maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň teklibine laýyklykda resmi baýramçylyklarynyň täze sanawy Mejlisde tassyklandy. Şu täze kanuna görä, 1991-nji ýylda yglan edilen we her ýyl 27-nji Oktaýbrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk Baýramy 27-nji Sentýabra süýşürildi. Ýadyňyza düşýän bolsa bu 27-nji Sentaýbr Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen 5-nji Aziýada Olimpiýat Oýunlarynyň hem ýapylyş günidi.
Başga bir üýtgetme bolsa 19-njy fewralda bellenilýän Baýdak baýramynda boldy. Şol gün indi Konstitusiýa güni bilen birleşdirilip, 18-nji maýda belleniler. Bu baýramçylyk 1994-nji ýylda döredilipdi we Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň (Türkmenbaşy) doglan gününe gabat gelýädi.
Mundan başga-da Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýogalan güni 21-nji Dekabr hem ýatlama güni hasaplanylmagyna karar berilse-de, bu  gün resmi dynç alyş güni hasaplanylmady. Şol sanda 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş güni hem resmi dynç güni sanawynda çykaryldy. Diňeje şu aşakda ýazylan günler we baýramçylyklar täze kanunda resmi dynç alyş günleri hasaplanyldy:
1) Täze ýyl – 1-nji ýanwar;
2) Halkara zenanlar güni – 8-nji mart;
3) Milli bahar baýramy – 21-22-nji mart;
4) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni – 18-nji maý;
5) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – 27-nji sentýabr;
6) Hatyra güni – 6-njy oktýabr;
7) Halkara Bitaraplyk güni – 12-nji dekabr;
8) Gurban baýramy – Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;
9) Oraza baýramy – Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.

Bu Entryni Paýlaş!

...