Käýinçden soň Türkmentelekom internet bahalaryny arzanlatdy

0 ses
108
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 17.10.2017 20:26 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#76)
Bilişimiz ýaly Türkmenistanda internet hyzmatyny berýän döwlet firmasy "Türkmentelekom" monolog pozissiýada. 5-nji Oktaýbrda geçirilen Mejlisde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aragatnaşyk ministri Baýramgeldi Öwezowa “edilen aragatnaşyk hyzmatynyň möçberini kemeldenligi üçin” käýinç bildirdi. Şondan soň Türkmentelekomyň resmi saýtynda (https://online.tm/tm/home-internet) ADSL internete birikmek üçin tarifleri peseltdi. Muňa görä, 2017-nji ýylyň 5-nji oktýbaryndan 31-nji oktýabryna çenli çäklendirmesiz internetiň peseldilen bahalary boýunça täze tarif planlary elýeterli bolar.
256 Kbit/s tizlikli internete birikmegiň bahasy 190-dan 135 manada çenli peseldiler (döwlet kursunda $38,5 ýa-da “gara bazar” kursunda $19), 512 Kbit/s tizlikli tarif adatça 250 manat bolan bolsa, indi 150 manada (döwlet kursunda $43 ýa-da “gara bazar” kursunda $21) elýeterli bolar. Şeýle-de, internete baglanmagyň maksimal tizligi 1-den 2 Мbit/s-e çenli artdyrylar, bu tarif 250 manada (döwlet kursunda $71 ýa-da “gara bazar” kursunda $36) durýar.
Aýlyk töleglerden başga, täze müşderileriň baglanmak üçin bir gezek 20 manat (döwlet kursunda $5,7 ýa-da “gara bazar” kursunda $3) manat, oturtmak üçinem 20 manat tölemegi zerur.
Bahasynyň wagtlaýyn arzanlanladylandygyna garamazdan, Türkmenistanda internet örän haýal we juda gymmat bolmagynda galýar.
Dünýäniň 131 ýurduny öz içine alýan Speedtest Global Index aýlyk reýting görkezijisinde Türkmenistan boýunça maglumatlar ýok, emma iň ýaramaz netijäni baglanmagyň ortaça tizligi bilen (3,42Мbit/s) Wenezuela görkezdi, bu Türkmenistanda hususy adamlara elýeterli bolan baglanmak tizliginden bir ýarym esseden gowrak tiz bolýar.
Reýtingiň başyny Singapur çekýär, bu ýerde internete baglanmagyň ortaça tizligi 156 Мbit/s-e barabar.
Türkmenistanda ADSL liniýasy boýunça basglanmagyň maksimal mümkin bolan tizligi 10 Мbit/s-e deň, emma ol diňe korparatriw müşderiler üçin eleýterli. Bu tarif hususy firmalar üçin bir aýda $4561 bolar ýa-da döwlet edaralary üçin $3638 bolar.
ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

Bu Entryni Paýlaş!

...