Daşoguzda Çagalar bagy tölegleriniň gymmatlamagy protestlere sebäp boldy

0 ses
159
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 19 Oktýabr 2017 14:55 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#77)
9-njy oktýabrda Daşoguzdaky çagalar baglarynda aýlyk tölegleriniň 10 esse gymmatlanyp 8 manatdan 80 manata göterilendigi habarlary geldi. Ene-atalar çagalaryny alyp gitmäge gelenlerinde terbiýeçiler bu täzeligi olara habar berdiler. Muňa razy gelmeýän ene-atalar welaýat bilim bölümine garşy gurnalan nägilelik ýörişinde, welaýat bilim ýolbaşçysy olary köşeşdirmek üçin "bu meseläni şäher häkimligi bilen görüşmegi" masalahat edipdi. Şu sebäpli 10-njy oktýabrda irden, Daşoguz şäher häkimliginiň öňünde iki ýüze golaý adam özakymlaýyn protest aksiýasy üçin toplandy we protestçiler çagalar baglaryndaky tölegleriň äşe ýokarlanmagyndan nägilelik bildirdiler. Prostestler entegem dowam edýä diýlen habarlar bar.
Häkimligiň wekilleri ilaty köşeşdirmäge çalyşýarlar. Polisiýanyň narýady çagyryldy, emma häzirlikçe ýygnanan adamlar dargadylmady.
Täze girizilen töleg düzgüninden nägile bolan adamlaryň onlarçasy diňe Daşoguzda däl, ýurduň demirgazyk regionynyň beýleki etrap merkezleriniň hem käbirinde proteste toplandy.
Çagalar baglarynyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, tölegleri ýokarlandyrmak baradaky karar 5-nji oktýabrda kabul edildi. Nägile bolan ene-atalara birden tutuş bir aý üçin töleg etmän, günde 4 manatdan tölemegi, kä günler bolsa, pul tygşytlamak üçin, çagany çagalar bagyna getirmezligi teklip etdiler.
Protestçileri şäher häkimligine gönükdiren welaýat bilim ýolbaşçysy bolsa şol güni gije sagat on iki töwereginde, howpsuzlyk işgärleri tarapyndan öýünden tutlup, Daşoguzyň pasport edarasynyň ýanyndaky wagtlaýyn göz astynda tutulýan tussaghana äkidildi. Bu ýolbaşçy ýerli häkimiýetleriň "halky döwlete garşy öjükdirmek we prezidentiň halkyň bagtyýarlygy üçin edýän aladalaryna garşy gelmekde" aýyplaýandygyny, onuň tussag edilmeginiň yzýanyndan hem Daşoguzyň bir çagalar bagynda işleýän aýaly bilen şäherdäki bir mekdebiň hojalyk işlerine seredýän oglunyň hem işinden boşadylandygyny barada maglumatlar gelýär.

Bu Entryni Paýlaş!

...