2017 Türkmenistanyň Ýokary Liga çempiýony kim bolar? FK Ahal my ýa-da Altyn Asyr my?

+1 ses
204
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 19.10.2017 19:38 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#78)
Türkmenistanyň Ýokary Ligasy 2017 ýylyň bäsleşikleri bu ýyl diýseň gyzykly geçýär. Şu wagtky oçko tablissasyna görä FK Ahal 59 oçko bilen birinji orunda dur. Yzy bilen 54 oçkoly Altyn Asyr komandasy gelýär, welin Altyn Asyr komandasynyň Aziýa çempiýonatlaryndaky çykyşlary sebäpli 2 oýuny kem. Çempiýon bolan komanda 2018 ýylyndaky Aziýa Çempiýonlar Ligasyna Türkmenistan adyndan gatnaşmaga hak gazanar.
Türkmen futbol janköýerleri sabyrsyzlyk bilen FK Ahal we Altyn Asyr toparlarynyň arasynda gyzgyn bäsleşigi we yza galan 11 duşuşygyny tomaşa etmäne garaşyp otyrlar.
Şu wagtky 9 komandaly Ýokary ligasynyň 2017 oçko tablisasy şeýle şekillendi:
1. FK AHAL - 59 Oçko (O:25, Ý:18, D:5, U:2)
2. ALTYN ASYR - 54 Oçko (O:23, Ý:17, D:3, U:3)
3. ŞAGADAM - 48 Oçko (O:25, Ý:15, D:3, U:7)
4. FK BALKAN - 41 Oçko (O:25, Ý:12, D:5, U:8)
5. FK AŞGABAT - 32 Oçko (O:24, Ý:10, D:2, U:12)
6. ENERGETIK MARY - 29 Oçko (O:25, Ý:8, D:5, U:12)
7. MERW - 27 Oçko (O:25, Ý:8, D:3, U:14)
8. KÖPETDAG - 23 Oçko (O:25, Ý:6, D:5, U:14)
9. TURAN - 4 Oçko (O:25, Ý:1, D:1, U:23)
***BELLIK:
- O: Oýun
- Ý: Ýeňiş
- D: Deňeçer
- U: Utulyş

Bilişiňiz ýaly Türkmenistan ligi 9 komandadan ybarat we ligadaky oýunlar 2 tapgyrda oýnanýar. Birinji tapgyrda 18 oýun oýnanýar her komanda beýleki her bir komanda bilen öz öýünde bir we myhmançylykda bir gezek duşuşýar. Ikinji tapgyrda-da 18 oýun oýnanýar edil birinji tapgyr ýaly. Şeýlelik bilen liga tamamlananda her komanda beýleki her bir komanda bilen öz öýünde 2 oýun we myhmançylykda-da 2 oýun oýnap ligany tamamlaýar. Ýagny her bir komanda jemi 36 oýun oýnaýar. Şu wagta çenli oýnan duşuşyklardan alynan netijeleri tablissada şeýle jemlenýar: https://i.hizliresim.com/kXWlMv.png

Şunu belläp geçmek peýdaly bolar. Altyn Asyr topary 2014 ýylyndan bäri yzly yzyna 3 gezek Türkmenistanyň Ýokary Liga Çempiýony boldy. Esasanam, gyzykly zat Altyn Asyr ilkinji çempiýonlygyny 2014 ýylynda alan wagty FK Ahal komandasy bilen diýseň gyzgyn bäsleşik içinde ligany tamamlady. Şol ýyl iki komandanyň hem oçkolary deňdi (89 oçko), emma Altyn Asyr komandasynyň geçiren we geçirilen gol sanawynda 6 gol tapawut bilen birinji oruna ýerleşip çempiýon bolupdy. Garaşyp göreli, Altyn Asyr yzly yzyna 4-nji çempiýonlygyny alarmyka ýa-da FK AHAL özüniň ilkinji çempiýonlygyny yglan edermikä.
Türkmenistanyň Ýokary Ligasy 1992-njy ýylynda döredilipdi. Ondan öň bolsa TSSR Futbol Ligasy bardy. Ine öňki çempiýonlaryň listi:
*** TSSR Döwründäki Çempiýonlar
1937/38 Lokomotiw Aşgabat
1938 Dinamo Aşgabat
1939-45 geçirilmedi
1946 Dinamo Aşgabat
1947 Spartak Aşgabat
1948 Dinamo Aşgabat
1949 Lokomotiw Aşgabat
1950 Spartak Aşgabat
1951 DOSA Aşgabat
1952 DOSA Aşgabat
1953 Dinamo Aşgabat
1954 Mary oblasty (ýygyndy)
1955 Aşgabat şäheri (ýygyndy)
1956 Gyzyl Metallist Aşgabat
1957 Aşgabat oblasty (ýygyndy)
1958 Aşgabat şäheri (ýygyndy)
1959 Nebitdag şäheri (ýygyndy)
1960 Çärjew şäheri (ýygyndy)
1961 Energetik Nebitdag
1962 Energetik Nebitdag
1963 Gurluşykçy Mary
1964 Serhetçi Aşgabat
1965 Serhetçi Aşgabat
1966 Serhetçi Aşgabat
1967 Serhetçi Aşgabat
1968 Serhetçi Aşgabat
1969 Serhetçi Aşgabat
1970 Garagum Mary
1971 Maýak Çärjew
1972 Energogurluşykçy Mary
1973 Sementçi Büzmeýin
1974 Awtomobilist Aşgabat
1975 Nebitçi Krasnowodsk
1976 Energetik Mary
1977 Şatlyk Mary
1978 Nebitçi Krasnowodsk
1979 Nebitçi Krasnowodsk
1980 Nebitçi Krasnowodsk
1981 Gurluşykçy Nebitdag
1982 Lokomotiw Aşgabat
1983 Obahojalyktehnika Çärjew
1984 Nebitçi Krasnowodsk
1985 Lokomotiw Aşgabat
1986 Nebitçi Krasnowodsk
1987 SKIF Aşgabat
1988 Ahal Aşgabat Raýon
1989 Medik Nebitdag
1990 Awtomobilist Aşgabat
1991 Obahojalyktehnika Aşgabat
----------------------------------
*** Türkmenistanyň Ýokary Ligasy Çempiýonlary
1992 Köpetdag Aşgabat
1993 Köpetdag Aşgabat
1994 Köpetdag Aşgabat
1995 Köpetdag Aşgabat
1996 Nisa Aşgabat
1997 geçirilmedi
1998 Köpetdag Aşgabat
1999 Nisa Aşgabat
2000 Köpetdag Aşgabat
2001 Nisa Aşgabat
2002 Şagadam Türkmenbaşy
2003 Nisa Aşgabat
2004 Nebitçi Balkanabat
2005 HTTU Aşgabat
2006 HTTU Aşgabat
2007 Aşgabat FK
2008 Aşgabat FK
2009 HTTU Aşgabat
2010 FK Balkan
2011 FK Balkan
2012 FK Balkan
2013 HTTU Aşgabat
2014 Altyn Asyr
2015 Altyn Asyr
2016 Altyn Asyr
2017  ?   (Altyn Asyr  ýa-da FK Ahal)

LINK: https://www.scorespro.com/soccer/turkmenistan/yokary-liga/2017

2 Teswir

0 ses
Awtor: (Wasýok) | 20.10.2017 19:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#79)
Altyn Asyr çempiýon bolar. Sostawy gaty güýçli. Türkmenistanyň milli ýygynynyň poçti yarsyny Altyn Asyr komandasynyn oýunçylary düzýär.
Daşary ýurtdan haýsy kanalda duşuşygy seýir edip bolar ka ýada ssylka bar my ?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 11.11.2017 21:44 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#82)
24-nji TAPGYRDAN GALAN DUŞUŞYK:
Altyn Asyr: 7 - FK Aşgabat: 0

28-nji TAPGYR:
Köpetdag: 1 - FK Ahal: 4
Merw: 1 - FK Aşgabat: 0
Şagadam: 3 - Energetik Mary: 1
Turan: 0 - FK Balkan: 1

29-njy TAPGYR:
Köpetdag: 3 - Merw: 0
FK Balkan: 1 - Altyn Asyr: 2
Energetik Mary: 6 - Turan: 0
FK Ahal: 3 - Şagadam: 2

30-njy TAPGYR:
FK Aşgabat: 0 - Köpetdag: 0
Turan: 0 - FK Ahal: 4
Merw: 1 - Şagadam: 2
Altyn Asyr: 4 - Energetik Mary: 1

ŞU WAGTKY TABLISSA:
1. FK AHAL - 65 Oçko
2. ALTYN ASYR - 63 Oçko
3. ŞAGADAM - 51 Oçko
4. FK BALKAN - 41 Oçko
5. FK AŞGABAT - 33 Oçko
6. ENERGETIK MARY - 32 Oçko
7. KÖPETDAG - 27 Oçko
8. MERW - 27 Oçko
9. TURAN - 4 Oçko

Bu Entryni Paýlaş!

...