24-nji tapgyryň «Altyn Asyr» - «Aşgabat» duşuşygy

0 ses
25
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 13.11.2017 19:26 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#83)
«Altyn Asyr» — «Aşgabat» — 7:0.

Gollar:
1:0 Myrat Ýagşyýew (2 min.)
2:0 Myrat Ýagşyýew (penalty) (8 min.)
3:0 Myrat Ýagşyýew (11 min.)
4:0 Mekan Aşyrow (52 min.)
5:0 Gurbangeldi Batyrow (62 min.)
6:0 Myrat Ýagşyýew (75 min.)
7:0 Furkat Tursunow (90 min.)

« Myrat Ýagşyýew bombardirlik ýaryşynda iň ýakyn bäsdeşinden 4 gol bilen öňe saýlandy »
Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn Asyr»ynda soňky 2 duşuşykda 6 gezek tapawutlanan Myrat Ýagşyýew Ýokary liganyň 25-nji möwsüminiň bombardirlik ýaryşyndan iň ýakyn bäsdeşi Wahyt Orazsähedowdan 4 gol öňe saýlandy. Mälim bolşy ýaly, hüjümçi 24-nji oktýabrda «Aşgabat» bilen geçirilen duşuşykda poker edip, duşuşygyň esasy gahrymanlarynyň birine öwrüldi.
Myrat Ýagşyýewiň Ýokary liganyň şu möwsüminde indi 21 goly bar. Ikinji orundaky Wahyt Orazsähedowyň 17, üçünji orundaky Amir Gurbanynyň bolsa 15 goly bar. Myrat Ýagşyýewiň 2015-nji ýylda hem ýurdumyzyň bombardiri bolandygyny ýatladýarys.

« Myrat Ýagşyýew Ýokary liganyň soňky 6 möwsümindäki 100-nji goluny geçirdi »
Altyn Asyryň we milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Myrat Ýagşyýew milli çempionatymyzyň soňky 6 möwsümindäki gollarynyň sanyny 100-e tegeledi. Ol bu sepgide ýetip bilen ikinji futbolçydyr. Myratdan öň onuň ozalky topardaşy, häzir bolsa «Şagadam»yň ýeňişlerine uly goşant goşýan hüjümçi Süleýman Muhadow bu sepgide ýetip bilipdi. Süleýman Muhadowyň gürrüňi edilýän möwsümden bäri Ýokary ligada 121 goly bar. Myrat Ýagşyýew bu gollaryny «Bagtyýarlyk-Lebap», «Turan», «Balkan» we «Altyn Asyr» toparlarynyň düzüminde geçirdi.
Süleyňman Muhadow bilen Murat Ýagşyýewiň bu serpgidini üçünji bolup gaýtalamaga, häzirlikçe, iň ýakyn futbolçy «Ahal»yň hüjümçisi Didar Durdyýew. Onuň 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada 89 goly bar.

« Altyn Asyr —  Aşgabat duşuşygy şu möwsümiň iň kän golly duşuşyklarynyň biri boldy »
Futbol boýunça milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynda 24-nji tapgyryň çäklerinde oýnalan «Altyn Asyr» — «Aşgabat» duşuşygy möwsümiň iň kän golly iki duşuşygynyň biri boldy. Mundan öň diňe 20-nji tapgyrdaky «Altyn Asyr» — «Balkan» duşuşygy 7 gol bilen tamamlanypdy. Has takygy, şol duşuşykda «aragatnaşykçylar» «nebitçileri» 5:2 hasabynda ýeňipdiler. Bu görkezilen duşuşyklaryň ikisinde hem «Altyn Asyr»yň ýeňiji tarapda bolmagy «aragatnaşykçylaryň» bu ýyl hem çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň biridigini görkezýär.

« Myrat Ýagşyýew möwsümde poker eden ilkinji futbolçy »
«Altyn Asyr»yň hüjümçisi Myrat Ýagşyýew şu möwsümde poker eden ilkinji futbolçydyr. Hüjümçi, mälim bolşy ýaly, 24-nji oktýabrda «Aşgabat» bilen geçirilen duşuşykda dört gezek tapawutlandy. Şol bir wagtyň özünde M.Ýagşyýew şu möwsümde bary-ýogy 11 minudyň dowamynda 3 gezek tapawutlanyp bilen ilkinji futbolçydyr.
Ýeri gelende aýtsak, möwsümde 21 gezek tapawutlanan futbolçynyň tapgyrlarda bir gezek het-trigi we iki gezek dubly hem bar. Geçen möwsümi bolsa ol bir het-trik, 4 dubl bilen tamamlapdy. Biziň hasaplamalarymyza görä, bu poker Ýokary liganyň soňky iki möwsüminde hasaba alnan ilkinji pokerdir.

ÇEŞME: TÜRKMEN PORTAL

Bu Entryni Paýlaş!

...