Gülbadam Babamyradowa Soçide geçirilen 41-nji dünýä sambo çempionatynda altyn medala mynasyp boldy

0 ses
39
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 13.11.2017 19:41 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#84)
9-13-nji Noýabr 2017-de Soçide geçirilen 41-nji dünýä çempionatynda Türkmen pälwany Gülbadam Babamyradowa sambo boýunça altyn medala mynasyp boldy.
Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa dzýudo we sambo boýunça ýaryşlarda birsyhly ýokary netijeler gazanmak babatynda tapawutlanýar. Ol 2012-nji ýylda Minskde geçirilen dünýä çempionatynda hem ýeňiş gazanypdy. Hususan-da, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Gapur Babakulyýewyň we Çemengül Geldibaýewanyň tälim berýän türgeni geçen ýylyň tomsunda Hytaýyň Taýpeý şäherinde guralan Aziýanyň açyk çempionatynda ýeňiji boldy.
Lebap welaýatyndan türgen zenan geçen ýylda gazanan esasy üstünliklerini “Gran-pri” tapgyrlarynda dzýudo boýunça oktýabr aýynyň başynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen ýaryşda birinji orny eýelemek we noýabr aýynda Hytaýyň Sindao şäherinde geçirilen ýaryşlarda ikinji orny eýelemek bilen gazandy. Şeýle hem ol Gazagystanda we Kuweýtde geçirilen dünýä we Aziýa çempionatlarynyň jemleri boýunça iň güýçli türgenleriň bäşligine girizildi.
Zehinli türgen gazanan ýokary sport netijeleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy, häzirki wagtda dünýä derejesinde 1171 utuk bilen 10-njy orny, olimpiýa hasabynda 954 utuk bilen 11-nji orny eýeleýän Gülbadamyň Braziliýanyň Rio-de-Janeýro şäherinde şu ýylyň tomsunda geçiriljek Olimpiada gatnaşjak türgenleriň hatarynda çykyş etmegi çaklanylýar. Munuň üçin G.Babamyradowa öňde boljak iri halkara bäsleşiklerinde hem ýokary görkezijileri saklap galmak zerurdyr. “Gran-pri” tapgyrynda ýene-de iki gezek dzýudo boýunça synag ýaryşlary geçiriler. Şol ýaryşlaryň birinjisi 20-25-nji ýanwar aralygynda Kubanyň paýtagty Gawanada, ikinjisi bolsa mart aýynda Tbiliside bolar. Maý aýynda bolsa Meksikanyň paýtagty Mehikoda dünýäniň dzýudoçylary Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda halkara ýaryşynda tutluşarlar.

Bu Entryni Paýlaş!

...