Old Testament Injil kitabynyň 'Song of Solomon' 5:16 aýatynda Hezreti Muhammediň ady geçýär

0 ses
38
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Dini | 15 Noýabr 2017 14:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#86)
Günümizde Injil "Old Testament" we "New Testament" wersiýalary bar. Old Testament köplenç hakyky Injil hasaplanylýar, sebäbi ol Ybrany dilinde we hiç terjime edilmedik. New Testament bolsa Ybrany dilindäki Old Testament Injiliň Grek diline terjime edilen wersiýasydyr.
Köpden bäri jedellere tema bolan bir sorag bar: Hezreti Muhammed Injil kitabynda agzalýar my? Bu soraga käbirleri ady bilen agzalmaýar ýöne "Faraklit", "Dost", ýa-da "Ahmed" diýip geçýär diýýäler. Käbirleri bolsa hiç agzalmaýar diýýäler. Internetde bir makalada okadym, aslynda Hezreti Muhammediň ady Old Testament Injil kitabynyň "Song of Solomon" babynyň 5-nji bölüminiň 16-njy aýatynda "Muhammadim" diýlip agzalýar eken. Ynha subudy:
"Song of Solomon" 5:16 aýaty Ybranyja şeýle ýazylýar:
חכו ממתקים וכלו
מחמדים זה דודי
וזה רעי בנות
ירושלם׃

Muny google terjimä oklasaň, başgaça edip terjime edýär. Ýöne diňeje ikinji setirdäki "מחמדים" sözüni google terjimä oklaňda, iňlisçe terjimesini iki wersiýasyny berýär. Birinjisi, "Niсe" ýagny "oňat, ýakymly" diýip çykarýar. Ikinjisi bolsa "Muhamaddim" diýip berýär we okalyşyny bolsa "mhmdym" diýip görkezýär.
Ýene bir zat, eger-de google terjimä "Niсe" sözüni iňlis dilinden Ybranyja terjime etdirenimizde bolsa bize has başga söz çykarýar: "נֶחְמָד".
Ünslije dykkat ediň, bu iki sözuň ýazlyşy meňzeşenok: "מחמדים" we "נֶחְמָד".

Mundan başga-da Ybranyjada "ים" goşulmasy köplük we hormat bildirýär. Bu goşulma köplenç At ýa-da Lakaplardan soň goşulýar. Meselem Injil Genesis 1:1 aýatynda "אלהים" sözi bar. Bärde "אלה" sözi Ylahym ýa-da Taňrym manysyny berýär. "ים" goşulmasy bolsa hormat aňladýan goşulma. Ýagny Hezreti Ylah ýaly.

Muhmad ("מחמד") sözi Injilde birnäçe gezek ýenem geçýär. Meselem Kings 20:6, Ezekiel 24:16, Ezekiel 24:21, Ezekiel 24:25, Hosea 5:6, Isalah 64:11, Lamentations 1:10, Lamentations 1:11, we Lamentations 2:4. Ýöne bularyň hiç birinde köplük-hormat bildirýän "ים" goşulmasy ýok. Diňeje Song of Solomon 5:16 aýatynda şol goşulma bilen ýazylan.

Youtubedan şu wideolary hem seýir ediň:
https://www.youtube.com/watch?v=vUyyAxVkE1c
https://www.youtube.com/watch?v=3YsA45CuvFk
https://www.youtube.com/watch?v=A2deuqEx4RQ
...