Täze ýyldan Türkmenistanyň býujet edaralarynyň işgärleri 30% kemeldiler

0 ses
57
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 06.12.2017 14:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#89)
Türkmenistanyň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän guramalarynyň we edaralarynyň ählisine, şol sanda nebit-gaz pudagyna ýokarky edaralardan iş orunlaryny şu ýylyň 1-nji dekabryndan ýa-da gelýän ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30% kemeltmek barada görkezme berildi.
Diňe orta mekdeplere degilmeli däl. Mugallymlar düzümini kemeltmek planlaşdyrylmaýar, emma direktorlara pensiýa ýaşyna ýeten mugallymlary dynç alşa ugratmak tabşyryldy. Mundan ozal hem ençeme gezek şeýle tabşyryk berlipdi, emma okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary tejribeli mugallymlary işini has gowy bilýän pedagoglar hökmünde, iş orunlarynda saklap galmaga çalyşýardylar.
Mundanam başga, Bilim ministrligi käbir çagalar baglaryny ýapmak kararyna geldi.
Ýadyňyza düşýän bolsa, mundan birnäçe aý öňräk mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tölegleriniň on esse ýokarlanmagy bilen baglylykda, olara barýan çagalaryň sany düýpli kemelipdi.
Şondan soň, işden kowulmak haýbaty astynda, býujet edaralarynyň işgärlerini öz çagalaryny çagalar baglaryna bermäge mejbur etdiler.
Ýapylýan çagalar baglarynyň işgärleriniň bir bölegi başga çagalar baglaryna geçiriler, galany işsiz galar.

Bu Entryni Paýlaş!

...