Türkmenistan we Eýran halkara arbitraž sudunda sudlaşar

0 ses
67
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 6 Dekabr 2017 14:57 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#90)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji dekabrda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi we onuň dowamynda täze bellenilen ministr – Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaçew hasabat bilen çykyş etdi.
Arçaýew Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) ozal ugradylan gazyň tölegi boýunça ägirt uly bergileriniň bardygyny gürrüň berdi.
Ministriň sözlerine görä, bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmegi teklip edýär.
Prezident sud üçin dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Ýadyňyza düşýän bolsa, Türkmengaz 1-nji ýanwardan, biraz öň gazanylan ylalaşyklara garamazdan, $1,8 milliard (başga hasaplamalara görä $2 milliard) möçberindäki bergisini tölemegini talap edip, Eýrana iberýän gazyny kesdi.
Eýran bergisiniň bardygyny boýun alýar, emma onuň möçberlerine gaýtadan seretmegi talap edýär. EMGK 2017-nji ýylyň dowamynda türkmen tarapyny halkara arbitraž suduna bermek barada ençeme gezek haýbat atdy.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

Bu Entryni Paýlaş!

...