ABŞ Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän welaýatlarynda YD-a garşy ýörite operasiýa geçirer

0 ses
54
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 6 Dekabr 2017 15:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#91)
ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky ýaragly güýçleriniň komandiri, general Jon Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň ýörite güýçleri we ýeri harbylar ýakyn günlerde Owganystanyň Farýap we Jowuzjan welaýatlarynda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň söweşijilerine garşy harby operasiýa geçirerler.
Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynyň ýaşaýjylary YD söweşijileriniň aktiwleşmeginden alada galýarlar. Şeýle-de olaryň arasynda daşary ýurtly nöker toplaýjylaryň we tälim berijileriň görlendigi aýdylýar.
Nikolsonyň sözlerine görä, bu sebitdäki söweşijiler daşarky kanallar arkaly maliýeleşdirilmekden, goldawdan kesildi we öz ýolbaşçylarynyň täzelenmegi zerarly kynçylyk çekýärler.
Şeýle-de, generalyň sözlerine görä, ABŞ Yrakdaky we Siriýadaky YD söweşijileriniň Owganystana geçirilendigi barada hiç bir tassyknama almady we Owganystandaky toparlaryň hatarynda “Özbegistanyň Yslam hereketine” eýerijiler, şeýle-de Pakistan “Talybanynyň” agzalary söweşýär.

Bu Entryni Paýlaş!

...