VISA firmasy türkmen banklaryna berýän hyzmatlaryny togtatdy

0 ses
154
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 08.12.2017 18:13 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#92)
Halkara töleg sistemasy VISA, türkmen banklarynyň VISA kompaniýasynyň öňündäki bergileri, şeýle-de Türkmenistanyň maliýe häkimiýetleriniň töleg kartlarynyň ulanylmagyna girizýän eden-etdilikli çäklendirmeleri zerarly, Türkmenistanyň banklaryna hyzmat etmegini togtatdy.
Häzirki pursatda türkmen banklarynyň kartlaryna hyzmat etmek 11-nji dekabra çenli togtadyldy. Şoňa çenli türkmen tarapy $30 million möçberindäki bergililik meselelerini çözmeli.
Bergilerden başga, VISA-nyň wekilleri Türkmenistanyň walýuta amallaryna girizýän yzygiderli çäklendirmelerinden hem nägile bolýar, sebäbi olar kampaniýanyň abraýyna ýaramaz täsir edýär.
Ýadyňyza düşýän bolsa, mundan birnäçe aý öňräk Türkmenistanyň daşary ykdysady iş banky noýabrda daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmagyň möçberini bir gije-gündiz dowamynda (24 sagatda) nagt görnüşinde $50 pul, nagt däl görnüşinde bolsa $200 möçberi bilen çäklenipdi. Emma soňra bu çäklendirilen görnüşdäki bank amallarynyň hem kynlyk bilen amala aşýandygy belli bolupdy.
VISA kartyndan başga Türkmenistanda MasterCard karty hem hereket edýär.

1 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.12.2017 20:09 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#94)
Visa kompaniýasynyň GDA we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça korporatiw aragatnaşyk bölüminiň direktory Anna Serdýuk 12-nji dekabrda beren ýazmaça jogaby bilen bu habary ýalana çykardy. Visa Türkmenistandaky hyzmatlaryna dowam edýänligi aýtdy.

Bu Entryni Paýlaş!

...