Aşgabatda dollaryň bahasy rekord derejä galdy

0 ses
229
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 8 Dekabr 2017 18:21 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#93)
Türkmenistanda dowam edýän walýuta krizisinde täsin wakalar bolup geçýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, VISA firmasynyň bergileri sebäpli türkmen kartlaryna hyzmat etmegini bes edipdi. Munuň netijesinde Türkmenistanyň gara bazarlarynda dollaryň nyrhy kesgin ýokary galdy. Häzirki pursatda Aşgabatda bir dollar üçin 10-11 manat aralygynda teklip edýärler. Dollaryň resmi kursy ozalkylary ýaly bir dollara 3.5 manat bolmagynda galýar. Türkmenistanyň ykdysady işleri we maliýe ministrleriniň ýany bilen Merkez Bank başlyklary hem çäresiz bu ykdysady krizisi entegem çözüp bilenoklar. Gaýtam ykdysady krizis bada-bat beterleşýär.

Bu Entryni Paýlaş!

...