12-nji dekabr 2017 - Türkmenistanyň 22-nji Bitaraplyk Baýramy

0 ses
99
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Umumy Maglumat | 12 Dekabr 2017 17:29 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#95)
Türkmenistanyň bitaraplyk statusyna eýe bolan döwletdigi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, dünýäniň 185 ýurdunyň goldamagynda kabul eden rezolýusiýasynda görkezilýär. Bu karara laýyklykda Türkmenistan Bitaraplyk statusyna salgylanyp, regional guramalaryň ençemesine goşulmakdan saklanýar. Şol sene Türkmenistanyň halky üçin taryhy gün bolan bolsa, Türkmenistanyň hökümetiniň halkara derejesindäki uly üstünligi hökmünde kabul edilýär. Şondan bäri her ýylyň 12-nji dekabrynda Bitaraplyk baýramlary Türkmenistanyň ähli künjeginde tutuş döwletimiz we raýatlarymyz tarapyndan mynasybetli bellenip gelýär. Bu gün hem 2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 22 ýyllygy dabaraly bellenildi.
...