Daşary ýurtlardaky talyplara pul ugratmak gaty kynlaşdy

0 ses
143
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 14.12.2017 00:55 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#96)
Türkmenistan taryhynyň iň agyr ykdysady krizisini tejribe edýär. 2015-de başlan dollar krizisi Türkmen ekonomiýasynyň ähli pudaklarynda giňişleýin duýulýar. Kynçylygyň iň agyryny bolsa daşary ýurtlarda okap yören talyplar çekýär.
Bilişiňiz ýaly ata-eneler daşary yurtlara okap ýören talyp ogul-gyzlary üçin okuw tölegleriniň ýanynda olaryň kwartira kreýleri, iýim-içimleri, geýim-gejimleri we transportlary ýaly birnäçe durmuş we ýaşaýyş çykdaýjylary üçin aýlyk pul ugradýardylar. Bu pullary köplenç Türkmen banklaryndan western union hyzmaty arkaly aýlyk maksimum limit 1000 dollar ugradylýardy.
Soň bu limiti 500 dollara düşüripdiler. Bir mahallar 200 dollara hem düşdi. Birnäçe gün öňräk bolsa bu hyzmat barada has hem täsin bir karar ýörgünlige goýuldy. Bu karara laýyklykda, banklar ata-enelerden çagalarynyň talyp hatlaryny getirmegi soraýarlar. Ýöne bu hata hökmany suratda daşary ýurtlardaky Türkmenistan konsollygynyň "gök" peçadyny goýuldurmak hem şert. Bolmasa kabul edenoklar. Bärde näme täsinlik bar diýýänlere, jogabym 2 täsinlik bar. Birinjisi, daşary ýurtlaryn ählisinde Türkmen konsollygy ýok. Ikinjisi, Türkmenistan konsollygy bolan döwletleriň-de dineje paýtagt şäherlerinde konsollyk bar. Meselem, Türkiýäniň Adana şäherinde okap ýören bir Türkmen talyby okuw hatyna Türkmenistan konsollygynyň peçadyny goýdurmak üçin ýörite paýtagt Ankara ýa-da Istanbula 10-18 sagat maşyn ýoly çekmeli bolýar. Galyberse-de biziň konsollygymyz oçert we beyleki işleriň köplügi sebäpli peçaty şol talap edilen güni goýduryp almak gaty kyn, peçady goýup bermek birnäçe gün wagt alýar.
Ine krizise çözgüt diýip maliye ministrligindäki "professorlaryň" tapan çäresi. Gaty gyzykly zat, tomaşa edip, el çarpaýmaly. Berekella.
...