Köp Soralýan Soraglar

Aşakda bu saýty nähili ulanmalylygy barada esasy maglumatlar görkezilendir. Eger bu saýty nähili ulanmalylygy bilmeýän bolsaňyz, onda ilki bilen aşakdaky temalary we jogaplaryny bir-bir okaň.
  • Gyzgyn saýtyny nähili ulanmaly?
  • Gyzgyn Türkmençe interaktiw sosiýal bir saýtdyr. Bu saýtda agzalar özara belli temalarda pikir alşyp ýa-da paýlaşyp bilerler. Her bir hereketiň öz oçkosy bardyr. Bu saýt tarapyndan awtomatiki hasaplanyp agzalara herekleri üçin (entry ýazmak, teswir ýazmak, ses bermek we ş.m.) oçko berilýär.
  • Entry näme ?
  • Entry bir tema hakynda gep gürrüň başlatmak üçin oklanan pikirdir.
  • Saýtda Agza işlewleri näme?
  • Agza işlewleri her bir agzanyň bu saýtda edip biljek işlewlerdir. Käbir işlewleri edip bilmek üçin ýeterli oçkonyň bolmalydyr. Bular aşakdaky tablissada gözkezilýär.
    Teswirlere ses berip biler 1 oçko
    Entrylere ses berip biler 1 oçko
    Entrylere teswir ýazyp biler 1 oçko
    Entry oklap biler 1 oçko
  • Kimler entry oklap biler ?
  • Şu wagtlyk bütin agzalarymyz entry oklap bilýär. Ýöne spam entryleriň öňüni almak üçin her agza ýa-da her IP adres üçin belli bir entry limiti bardyr.
  • Kimler teswir ýazyp biler ?
  • Şu wagtlyk hemme agzalarymyz oklanan entrylere teswir ýazyp biler. Ýöne agzalar öz entrylerine teswir ýazyp bilmez we spam teswirleriň öňüni almak üçin her agza ýa-da her IP adres üçin belli bir teswir limiti bardyr.
  • Kimler ses berip biler ?
  • Şu wagtlyk hemme agzalarymyz oklanan entrylere we entryleriň teswirlerine plus/minus ses berip biler. Ýöne agzalar öz entrylerine ses berip bilmez we spam sesleriň öňüni almak üçin her agza ýa-da her IP adres üçin belli bir ses berme limiti bardyr.
  • Entrylerde we teswirlerde kada bar my?
  • Entrylere eýesinden başga hemme teswir ýazyp / ses berip biler. Agzalaryň öz entrylerine teswir ýazmagyna / ses bermegine rugsat beremzok. Munuň esasy sebäbi agzalar öz entrylerine teswir ýazyp / ses berip entrylerini gyzgyn lista girizmegiň öňüni almakdyr. Ýazylan teswirlere bolsa diňeje entryniň eýesi we teswiriň eýesi jogap ýazyp bilýär. Agzalar öz entrylerini oklanandan 3 minudyň içinde üýtgedip biler. 3 minutdan soň üýtgetme düwmesi passiwlaşdyrylar. Entry oklanandan 7 gün içinde üýtgetme girizilmeli bolsa EDITORLAR ýa-da MODERATORLAR bilen habarlaşyň. 7 gün geçen bolsa ADMINISTRATORLAR-a ýüzleniň.
  • Oçko nädip gazanylýar ?
  • Gyzgyn saýtyna agza bolan her kime 1 oçko berilýär. Agza bolansoň, täze entry oklamak 3 oçko, entryleriňize berilen her plus ses üçin 5 oçko berilýär we her bir minus ses üçin bolsa 5 oçko azaldylýar. Mundan başga-da başga agzalaryň entrylerine ýazan teswirleriňiziň alan her bir plus ses üçin 2 oçko berilýär. Bu oçkolar saýtyň standart oçkolarydyr. Munuň ýanynda BONUS oçkolar hem bardyr.
    Saýtyň standard oçkolary hakynda köpräk maglumat üçin aşakdaky tablisa göz aýlaň:

    Bir entry oklamak: + 3 oçko
    Entrylerdäki her bir plus ses üçin beriljek oçko: + 5 oçko
    Entrylerdäki her bir minus ses üçin beriljek oçko: - 5 oçko
    Bir entrynyň alyp biljek maksimum plus oçko limiti: Max: + 50 oçko
    Bir entrynyň alyp biljek maksimum minus oçko limiti: Max: - 50 oçko
    Teswirlerdäki her bir plus ses üçin beriljek oçko: + 2 oçko
    Teswirlerdäki her bir minus ses üçin beriljek oçko: - 2 oçko
    Bir teswiriň alyp biljek maksimum plus oçko limiti: Max: + 20 oçko
    Bir teswiriň alyp biljek maksimum minus oçko limiti: Max: - 20 oçko
    Registrasiýa bolan agzalara beriljek oçko: + 1 oçko
  • Bonus Oçkolary näme? Nädip gazanylýar? Sowup bolýar my?
  • Saýtyň standart oçkolarynyň ýanynda bonus oçkolary hem bar. Bonus adyndan belli bolşy ýaly goçmaça goşkolardyr. Bonus oçkolaryň gymmatlygy standart oçkolaryňky bilen deňdir. Mugt bonus oçkolaryny diňeje admin toparlary berip biler. Munuň ýanynda agzalar özara bonus oçko ugradyp/alyp bilerler. Admin toparlary her haýsydyr bir sebäpden agzalara pozitif bonus oçko berip bilşi ýaly, olaryň oçkolaryny hem azaldyp bilerler.
    Saýtymyza täze bir agza gazandyran ýa-da her gün saýtymyza login bolup wepalylyk görkezen agzalara hem belli mukdarda bonus oçkolary berler.
    Täze agza çagyrmak we saýtymyza täze birini agza etmek üçin ýörite her agzanyň aýratyn (bimeňzeş) "Referral" salgysy bardyr. Diňeje maslahatçy agzalaryň referral salgylary arkaly täze biri saýtymyza agza bolanda maslahatçy agzalara bonus oçkosy berler. Siziň referral salgyňyz: https://gyzgyn.e-dostluk.com/register?u=
    Mundan başga, agzalar özleriniň (hat-da beýleki agzalaryň) entrylerini 24 sagatlygyna gyzgyn entry listinde iň öňe çykaryp bilerler. Muňa Entry Gyzdyrmak diýýäris. Agzalar entry gyzdyrmak üçin belli bir oçko tölemeli bolarlar.
    Köpräk maglumat üçin aşakdaky tablisa göz aýlaň!

    Bonus Plus FunksiýasyOçko Mukdary
    Mugt Bonus Oçko bermeýän agza derejesi100
    Minimum mugt bonus oçko mukdary-100
    Maksimum mugt bonus oçko mukdary100
    Günlük login bolmak (Wepalylyk Oçkosy)1
    Oçko UgratmakMinimum 1 oçko, Maksimum agzanyň jemi oçkosy
    Entry gyzdyrmak (24 sagatlyk)-50
    Täze agza çagyrmak25
  • Iň Bet Agzalar näme? Nähili işleýär?
  • Iň Bet Agzalar aýlyk interwalda işleýär. Agzalaryň her aýyň başyndan ahyryna çenli alan oçkolaryna görä agzalar we alan oçkolary hatarlanýar. Her täze aý başlanynda agzalaryň bu sistema nollanyp täzeden işleýär.
    Meselem, 25-nji Awgusta agza bolan birini 31 Awgusta çenli 155 oçko alan bolsa, ona şol agza Awgust aýy üçin hasaplanjak Iň Bet Agzalar listinde 155 oçko bilen görkeziler. Şol bir agza 1-3 Sentýabr aralygynda 50 oçko alan bolsa, onda şol agza Sentýabr aýy üçin hasaplanjak Iň Bet Agzalar listinde 50 oçko bilen görkezilip, Sentýabryň ahyryna çenli aljak oçkolary muna dahyl ediler. Awgust aýynda alan oçkolar Sentýabr aýyna geçmez.
    Bu ýagdaý diňeje Iň Bet Agzalar hasaplanyşy üçin ýörgündir. Beýleki ýerlerde agzalaryň kumulatif oçkolary görkeziler. Mysaldaky agzanyň kumulatif oçkosy 205-dir.
  • Agza adalgalary (titullary) näme?
  • Adalga (titul) agzalar oçkolaryna görä berilýän titul ýa-da lakamdyr.
    AGZA ADALGALARYGEREKLİ OÇKO
    Legenda 100000 oçko
    Prezident 75000 oçko
    Wise-Prezident 50000 oçko
    Premýer-Ministr 35000 oçko
    Ministr 22000 oçko
    Professor 12000 oçko
    Dosent 6000 oçko
    Doktor 3000 oçko
    Magistr 1000 oçko
    Talyp 250 oçko
    Wasýok 0 oçko
  • Agza derejeleri näme?
  • Agza derejeleri agzalaryň bu saýtdaky wezipesini/pozisiýasyny we işlewlerini kesgitleýär. Siziň agza derejäňiz (Agza). Aşakdaky tablisada agza derejeleri we olaryň işlewleri hakynda maglumat berilýär.
    AGZA DEREJELERIIŞLEWLERI
    AgzaEntry oklamak, Teswir ýazmak, Ses bermek, Faworilemek, Çatlaşmak, Hatlaşmak
    EkspertAgza + Entryleri üýtgetmek/tassyklamak
    EditörEkspert + Entryleri pozmak
    ModeratorEditör + Agzalary tassyklamak, Agzalary gulplamak, Ekspertleri bellemek
    AdministratorModerator + Agzalary pozmak, Editorlary we Moderatorlary bellemek, Saýty dolandyrmak
    Super AdministratorAdministrator + Administratorlary bellemek
  • Gyzgyn Entryler nädip hasaplanylýar ?
  • Bütin agzalarymyz entry ýazyp bilse-de, bularyň hemmesi gyzgyn entry bolmaz. Gyzgyn entry köpçülik tarapydan okalýan, ses berilýän we teswirlenýän entryler arasynda belli bir algoritma boýunça hasaplanyp GYZGYN Entryler listinde hatarlanýar.
  • Grawatar we Awatar näme ? Profil suratymy nädip çalşyp bilerin ?
  • Sosiýal saýtlardaky agza profillerindäki suratlara grawatar diýilýär. Munyň açylymy "globally recognized avatar"dyr. Gyzgyn saýtyndaky profil suratyňyza grawatar ýüklemek şu wagtlyk passiwlaşdyryldy.
  • Çat otagy näme ?
  • Çat otagy agzalarymyzyň özara çatlaşmagy üçin dizaýn edilen bir sahypadyr.
  • Entryleri başga sosiýal saýtlarda paýlaşyp bolýarmy?
  • Bolýar. Entryleri şu sosiýal saýtlarda paýlaşmagyňyz üçin entry sahypasyndaky sag panelde "Bu Entryni Paýlaş!" diýilen bölek çykar. Şol ýerde Facebook, Twitter, Google+, Odnoklassniki, Vkontakte we Line-da paýlaşmagyňyz üçin symbollar çykar.
  • Başga haýsy maglumatlary bilsem gowy bolar?
  • 1) Wagt Zolagy Aşgabat/Türkmenistan wagtyna sazlanandyr. Wagtlaýynça muny agzalaryň ýaşaýan ýerine görä üýtgedip bolanok.
    2) Agza atlaryňyzyň ýanynda skobkanyň içinde lakamyňyz ýazylýar. Bu lakam alan oçkoňyza, aktiwligiňize we agzalyk wagtyňyzyňa görä üýtgeýär. Meselem: 500 oçko alan bir agzanyň lakamy bilen 5 oçkoly beýleki bir agzanyň lakamy bir bolmaz.
    3) Her bir entry we teswirleriň hususy we ýeke-täk ID nomerleri bolýar. Bu nomerler entry we teswirlerde görkezilýän awtor, kategoriýa we wagtyň ýanynda # symboly bilen ýazylandyr.
    4) Diňeje entry, agza, teg we kategoriýalary faworiläp bilersiňiz. Bularyň birini faworileriňize goşanyňyzda olaryň ýanynda gyzyl kalp symboly çykar.
    Eger bu sahypa goşulmaly bir sorag barlygyny oýlaýan bolsaňyz, onda muny bize bildiriň.
    ...